ÝB-niň we Türkmenistanyň wekilleri ýene-de bir gezek adam hukuklarynyň gürrüňini etdi

21-nji iýunda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň wekilleriniň adam hukuklary baradaky duşuşygy boldy.

Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew we ombudsmen Ýazdursyn Gurbannazarowa wekilçilik etdi. Ýewropa Bileleşigine Ýewropanyň daşary syýasat gullugynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Boris Ýaroşewiç (Boris Iarochevitch) wekilçilik etdi.

Taraplar giň gerimli meseleleri, şol sanda. asuda ýygnanyşmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, dine ynanmak azatlygy, aýal-gyzlaryň we çagalaryň hukuklary, metbugat azatlygy, adam gynamalaryna we ýowuz daralmagyna garşy göreş barada maslahat etdiler.

Şeýle-de, ÝB-niň metbugat üçin beýanatyna laýyklykda, şahsy işler, şol sanda tussag edilen ýa-da ýitirim bolan aktiwistler barada hem mesele gozgaldy.

Emma, bu meselede hiç bir at ýa-da familiýa getirilmeýär.

ÝB Türkmenistany ýene-de bir gezek zorlukly ýitirim edilmek problemasyny boýun almaga we onuň çözgüdi üçin çäre görmäge çagyrdy.Türkmen tarapynyň wekilleri bu ugurdaky işleriň käbiri boýunça maglumat berdiler.

Tussaglykda saklanýanlaryň sanawyndan haýsy adamlar hakynda maglumat berlendigi aýdylmaýar.

Türkmenistanyň birnäçe pudakda halkara hukuk goraýyş normalaryny kabul etmekden ýüz öwürýändigi bellendi. Ýurduň adam gynama garşy Konwensiýanyň we zorlukly ýitirim edilmekden goramak baradaky Konwensiýanyň Fakultatiw protokolyny tassyk etmegi Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky ýagdaýy düzetmäge çalyşýandygyny görkezerdi diýip, ÝB aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Adalatçynyň täze hasabaty adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili wasp etdi?
E.Deko: Meniň üstüme hem Türkmenistanyň halky, hem Moskwa mehanizminiň obýektiwligi we netijeliligi babatda jogapkärçilik düşdi
BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy
01.12.2018 | Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany we halkara ylalaşyklarynyň birnäçesini tassyklady
Resmi habar
Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk durumy hakyndaky Konsepsiýany tassyklady