Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk durumy hakyndaky Konsepsiýany tassyklady

Türkmenistanyň Mejlisi (parlament) 1-nji dekabrda Hazar deňziniň hukuk durumy hakyndaky Konsepsiýany tassyklady.

Mundan başga, “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin jezalandyrmak hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda”; Birleşen Milletler Guramasynyň işgärleriniň we onuň bilen bagly işgärleriň howpsuzlygy hakyndaky Konwensiýa Fakultatiw Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna seredildi.

Ýatladýarys, Hazar deňziniň hukuk durumy hakyndaky Konwensiýa 12-nji awgustda gol çekildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji noýabrda kipr kompaniýasynyň başlygy bilen Hazardaky ýangyç ýataklaryny gözlemek hakynda maslahat etdi.

Ýene degişli makalalar

E.Deko: Meniň üstüme hem Türkmenistanyň halky, hem Moskwa mehanizminiň obýektiwligi we netijeliligi babatda jogapkärçilik düşdi
BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy
ÝB-niň we Türkmenistanyň wekilleri ýene-de bir gezek adam hukuklarynyň gürrüňini etdi
01.12.2018 | Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany we halkara ylalaşyklarynyň birnäçesini tassyklady
Resmi habar
Türkmen mekdeplerinde fakultatiw sapaklaryň ýatyrylmagy mümkin