Türkmen mekdeplerinde fakultatiw sapaklaryň ýatyrylmagy mümkin

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji martda “Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky” Düzgünnama hem-de “Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky” karara gol çekdi.

Olarda çagalaryň tebigy zehinini açmak, ösdürmek we höweslendirmek şertleriniň we görnüşleri artdyrylýar, umumybilim okuw maksatnamasyny kesgitlenen möhletinden gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryna mälim bolmagyna görä, Bilim ministrliginiň işgärleri mekdeplerdäki fakultet sapaklaryny ýatyrmak meselelerine seredýärler. Bu täzelik umumybilim okuw maksatnamasyny kesgitlenen möhletinden gysgaldylan möhletde özleşdirmek üçin planlaşdyrylýar.

Wikiniň maglumaty: Fakiltetiw kurs ýa-da fakultetiw predmet ýokary okuw jaýynda ýa-da mekdepde studentiň seçgisi boýunça alynýan hökman bolmadyk okuw kursy (predmet).

Gyzyklanýan okuwçylar üçin fakultetiw kurslar hepdede üç gezek geçilýär. Bu sapaklary predmet mugallymlary ýa-da başlangyç klaslaryň mugallymlary geçýärler.

Mysal üçin, 1-4 klas okuwçylary üçin informatika sapagyny galan sapakalary hem okadýan şol bir mugallym geçýär.

Häzir mugallymlary testden geçirmek, synamak dowam edýär. Eger başlangyç klas mugallymy informatika sapagyny geçmäge hukuk gazanmak üçin ekzamenden geçip bilse, onda ol bu predmeti goşmaça fakultatiw sapak däl-de, esasy sapak görnüşinde geçmegi dowam etdirip biler. Eger-de ol synagdan geçmese, onda başlangyç klaslardaky informatika sapklaryny başga hünärmen okadar.

Fakultatiw sapagyň mugallymynyň tölegi, beýleki sapaklaryňky ýaly, 22 manatdan ybarat. Mugallymyň hepdelik stawkasy 24 sagat, doly stawkanyň aýlygy aýda 2193 manat.

Mundan başga, Bilim ministriginiň täze programmany işläp düzmek baradaky komissiýasy mekdep okuwçylarynyň bilim drejelerini hem öwrenýär. 2-nji we 3-nji aprelde Daşoguzdaky 2-nji we 14-nji mekdeplerde 4-nji we 9-11-nji klaslaryň okuwçylarynyň hemmesini ähli predmet boýunça synagdan geçirdiler. Türkmen, rus we ňlis dillerinde diktant ýazdyrdylar.

TH-nyň habarçylary mekdepdäki okuwlar boýunça täze programmanyň şu okuw ýylynyň aýagyna taýýarlanjagyny we sentýabrda türkmen mekdepleriniň okuwçylarynyň täze maksatnama esasynda okadyljagyny habar berýärler.

Ýene degişli makalalar

E.Deko: Meniň üstüme hem Türkmenistanyň halky, hem Moskwa mehanizminiň obýektiwligi we netijeliligi babatda jogapkärçilik düşdi
BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy
ÝB-niň we Türkmenistanyň wekilleri ýene-de bir gezek adam hukuklarynyň gürrüňini etdi
01.12.2018 | Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany we halkara ylalaşyklarynyň birnäçesini tassyklady
Resmi habar
Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk durumy hakyndaky Konsepsiýany tassyklady