15-ýyl mundan ozal, 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabatda soňy bilen prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda şübhe bildirilip ýüzlerçe adamyň tussag astyna alnyp, repressiýa sezewar edilmegine alyp gelen waka boldy.
BMG-niň Baş Assambleýasy bu hadysanyň resmi taýdan derňelmegi bilen baglylykda adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyndan çynlakaý alada galandygyny aýdyp, rezolýisiýa kabul etdi. ÝHHG “Moskwa mehanizmi” prosesini işe girizdi.
Bu prosese laýyklykda Türkmenistana ýörite dokladçy/hasabatçy barmalydy we ýerinde ýagdaýy öwrenip, garaşsyz ekspertiza/barlag işlerini geçirmelidi.Bu iş professor Emmanuel Deko tabşyryldy.
“Türkmenistanyň Horonikasy” bu iş barada jenap Deko bilen söhbetdeş boldy. Ol nähili şertlerde işlemeli bolandygyny hem-de öz taýýarlan hasabatynyň halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistana gatnaşygyna nähili täsir ýetirendigi barada gürrüň berdi.
TH: Türkmenistan “çagyrýan döwlet” hökmünde hiç bir ýardam bermedi we ikinji hasabatçyny bellemekden boýun gaçyrdy. Bu Siziň işiňize nähili täsir etdi?
E.Deko: Men, gürrüňsüz, “çagyrýan döwletiň”, Moskwa mehanizminiň düzgünlerine laýyklykda, “hasabatçylaryň missiýasynyň” çägindäki işler üçin “ýene bir hasabatçy” bellänini gowy görerdim.
Men missiýanyň üçünji agzasy hökmünde ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin hukukçylaryň we ekspertleriň sanawyndan kandidatlary hödürlemägä taýýardym.Iş ýüzünde men ÝHHG-nyň hasabatçysynyň mandatyny gysga wagtda garaşsyz, obýektiw we bitarap ýerine ýetirýän ýeke-täk hasabatçy boldum.
Ikinji tarapdan, men ýekelikde, kollektiw bolman we käte ekspertler topary bilen ylalaşyga gelmek hem-de jemleýji netijeleri ýumşatmak üçin uzak maslahatlaşman işlänime gynanýaryn.Emma, ikinji tarapdan, maňa kesgitlenen faktlar babatda güýçli kanunçylyk bazasyny ulanmaga we öz pozisiýamy anyk beýan etmäge/ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredi.
TH:Size Türkmenistana barmaga rugsat bermediler. Türkmenistanda ýaşaýan raýatlar ýa-da hökümete degişli bolmadyk guramalar, size maglumat bermek bilen, türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlanmak, ýanalmak töwekgelligine sezewar boldylar. Siz maglumatlary nädip topladyňyz?
E.Deko: Men Türkmenistanda bolmadym.Emma, Ýewropa syýahat etdim, Wenadaky, Warşawadaky, Ženewadaky we Haagadaky duşuşyklara bardym.Açyk hasabatda bellenilişi ýaly, DIAHB-niň tehniki we dil goldawy arkaly, käte Siziňki ýaly hökümetden aýry guramalaryň kömegi bilen, men wezipeli adamlar we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen köp aragatnaşyk gurdum.
Hemişe seresaplylygy saklamak we maglumat berýän adamlary töwekgellikden goramaga çalyşmak örän möhüm, ýöne faktlary barlamak hem örän zerur bolup durýar.Meniň hyzmatdaşlyk eden adamlarym bilen ýurduň çäginden daşarda duşuşmak howpsuz boldy, sebäbi meniň eşitmegime görä, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky missiýasynyň binasy polisiýa bölüminiň garşysynda ýerleşýär… Men ýurduň syýasaty we taryhy barada ähli materialy okadym. Şeýle-de men dokumentler, kitaplar, kartalar, şaýatlaryň ýazmaça beren düşündirişleri esasynda işledim we hatda, resmi telekanal tarapyndan bikanun sud seljerişlikleri barada düşürilen filme hem tomaşa etdim.
Meniň eýýäm aýdyşym ýaly, hasabat örän gysga wagt içinde taýýar edilmelidi.Men buýsanýaryn, hasabatda Türkmenistanyň wekilleriniň gözüne ilen ýeke-täk ýalňyş Ermenistanyň ýaşaýjysynyň goşa raýatlygy boldy.
TH: Sizi 2003-nji ýylda ÝHHG-nyň ýörite hasabatçysy edip bellediler. Sebäbi, ÝHHG-nyň gatnaşyjy döwletleriniň onlarçasy tarapyndan §8 Moskwa mehanizmine laýyklykda, Ynsan ölçegleri mehanizmi işe girizildi. Eger yza nazar aýlasak, bu ýagdaýda Moskwa mehanizminiň durmuşa geçirilmegi ýörite hasabatçynyň bellenilmegi nukdaý nazaryndan netijeli çäre boldumy?
E.Deko: Bu çylşyrymly sorag.Men Türkmenistanyň halkynyň öňünde-de, ÝHHG-nyň Moskwa mehanizminiň “obýektiwligi” we netijeliligi babatda-da uly jogapkärçilik duýýaryn.Meniň pikirimçe, Moskwa mehanizmini konfrontasiýasyz ulanmak üçin köp mümkinçilik bar.
Ol maglumatlary we hyzmatlary toplamagyň innowasion we kollektiwleýin usuly bolup durýar.Emma, gatnaşyjy-döwletler üçin ýagdaýyň hukuk analizini geçirmegi soramak, adam hukuklarynyň bozulmagynyň doly kartinasyna eýe bolmak hemişe çylşyrymly.
Sebäbi, resmi hasabat çap edileninden soň olaryň netije gazanylandygyny görkezmegi hem-de çözgüt teklip etmegi gerek.Olar, adatça bolşy ýaly, bu meseleleri göz-görtele görmezlige salyp bilmeýärler.Adamkärçilik ölçegleri mehanizmini herekete getirmek üçin döwletleriň soňra olary durmuşa geçirmek çäreleriniň pikirini etmegi zerur.
Täze problemalary döretmek bilen däl-de, eýsem krizisden çykmagyň ýollaryny kesgitlemek gerek.Diňe gödek ýalňyşlyklary görkezmän, eýsem “ýol kartasyny” hem çekmeli.
Siz hasabatda “25-nji noýabr agdarlyşygy” barada gürrüň edýärsiňiz. Siz ara düşen şunça wagtdan soň bu “agdarylyşygy” nähili häsiýetlendirerdiňiz?
E.Deko: Hasabat çap edileninden soň meniň mandatym tamamlandy we men bu mesele boýunça täze maglumatlary bilmeýärin. Men hasabatda” agdarylyşyk” diýilýän barada gürrüň etdim. Sebäbi, prezident Nyýazowyň töweregindäki görlüp eşidilmedik howpsuzlyk çäreleri we örän professional “dildüwişijiler” bilen wakalaryň ösüş “senarisini” çaklamak örän çylşyrymly. Emma, esasy zat şunda agdarylyşyk syýasy arassalaýyşyň täze tolkunlary üçin bahana boldy.
Siz hasabatda Siz şeýle ýazýarsyňyz: “…2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy amala aşyrylan pursatyndan soň dowam edýän repressiýanyň dürli aspektleri barada aýdylanda, kanunçylyk ýörelgeleriniň ählisiniň, hususan-da bikanun tussag etmelerde we görelde/tomaşa sudlarynda örän uly möçberlerde kanun bozulmagyna ýol berildi. Ýüklenýän günäni boýun aldyrmak üçin adam gynamak usullary ulanyldy; mundanam başga, tussag edilenleriň bedenlerine zor bilen neşe maddalary goýberildi, bu olaryň saglyklary üçin-de, tutulyp saklanýanlary jenaýat analizinden geçirmek diýilýän üçin-de howpludy”…” Bu Stalin režimine örän meňzeş, siz bu repressiýanyň gerimine näderejde geň galdyňyz?
E.Deko:”Watan-TW” tarapyndan düşürilen film hukuk goraýjylaryň hormatlanylýan, käbiri ýaşy bir çene baran we saglyk babatynda çynlakaý problemasy bolan jemgyýetçilik işgärlerine ýowuz daramanyň nalajedeýin illýustrasiýasy boldy. Emma meni has aňk eden zat despotiki dälilik we uzak ýyllyk öç alyş duýgusy, maşgalalaryň we jemgyýetiň kollektiw jogapkärçiligi.
Hasabatda çap edilen rekomendasiýalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýärmi?
E.Deko:Rekomendasiýalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik esasan ÝHHG-nyň içinde däl-de, BMG tarapyndan amala aşyrylýar.Sebäbi, hasabat “gatnaşyjy-döwletleriň” onusy tarapyndan resmi ýagdaýda Adam hukuklary komissiýasyna berildi (E/CN.4/2003/G/6). Şol wagt bu hasabaty tapmak o diýen aňsat däldi, emma häzir, maglumat açyklygy zamanasynda, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň saýtyndan islendik dokument bilen tanyşmak mümkin. Şondan kän wagt geçmänkä, 2013-nji ýylyň aprelinde Adam hukuklary komissiýasy 2003/11 resolýusiýasyny kabul etdi.
Ol gytaklaýyn netijeli boldy, şol pursata çenli şertnamalaýyn guramalaryň we ýörite proseduralaryň göz ýetýän meýdanyndan uzakda bolan Türkmenistany günäledi hem ýazgardy.Türkmenistan köpsanly halkara ylalşygy tassyk etdi.Emma, ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýyna jemgyýetçilik gözegçiliginden gaçaklap, bellenen möhletde milli hasabatlaryny bermedi. ÝHHG-nyň hasabatynyň arkasyndan Türkmenistan gaýtadan halkara monitoringiniň gözegçilik zonasyna geldi.
Çap edilen hasabatdaky rekomendasiýalar ýerine ýetirildimi?
E.Deko: Men beýle hasap etmeýärin.BMG-niň käbir wekilleri hasabatda rekomendasiýalaryň örän uzyn sanawy berildi diýip hasap edýär.Emma, diňe düzgün bozmalarda saklanyp, beýlekileri görmezlige salmak mümkin däl.
Sebäbi, syýasy sistemanyň özi kanunyň hökmürowanlygyny inkär edýär.Türkmenistana BMG-niň organlaryna milli hasabatlaryny bermekde kömek etmek diňe hakykaty ýuwmarlamakda jemlenmeýärdi.Eýsem, hukuk jogapkärçiligine badalga bermekde jemlenýärdi.
Hasabat “diagnostiki” boldy,sebäbi BMG-nyň Ösüş programmasy we BMG beýleki agentlikleri öz synlarynda, häkimiýetler bilen dostlukly gatnaşyklaryny saklamak üçin düzgün bozmalary ýaşyrmak islediler.
Umumy rekomendasiýalar şu günki günde hem öz aktuallygyny saklaýar we syýasy reformalary geçirmek üçin gözegçilik sanawy hökmünde ulanylyp bilner, sebäbi häkimiýeti bölmezden we garaşsyz sud sistemasy, hukuk goragynyň we hasabat berijiligiň içerki serişdeleri bolmazdan adam hukuklarynyň netijeli goragy bilen meşgullanmak örän kyn.
2016-njy ýylyň sentýabrynda täze Konstitusiýa kabul edileli bäri adam gynamagy ulanmaklyga we ýowuz daramaklyga resmi gadaganlyk girizildi.Emma BMG-nyň adam gynama garşy Konwensiýasynyň Fakultatiw protokolynyň düzgünlerine laýyklykda garaşsyz milli mehanizm kabul edilmese, goragyň hakyky serişdeleri ýeterlik netije bermeýär.
Türkmenistan üçin ýokarda agzalan milli we halkara mehanizmlerini durmuşa geçirmek üçin, Adam gynama garşy Konwensiýanyň Fakultatiw protokolyny tassyklamak ileri tutulmaly mesele bolmaly.
Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2003-nji we 2004-nji ýyllarda kabul edilen iki rezolýusiýasy ýerine ýetirilmedi.Olar Siziň hasabatyňyzda “2002-nji ýylyň noýabr wakalary netijesinde adam hukuklarynyň gödek bozulmagy” sebäpli çynlakaý alada bildirlýän rekomendasiýalaryň ýerine ýetirilmegine kontrollyk edilmegi barasyndady.
Türkmenistan ÝHHG-nyň ýörite hasabatçysynyň hasabatyny hem görmezlige saldy, BMG-niň şondan soňky rezolýusiýalaryna hem baş galdyrmady.Bu halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistandaky ýaly awtoritar režimleriň öňünde güýçsüzdigini aňlatmaýarmy?
E.Deko: ÝHHG-nyň esasy güýji we gowşaklygy onuň “çeýe” gurama bolmagynda jemlenýär, ol konsensusa (umumy ylalaşyga) esaslanýar.Gatnaşyjy-döwletler, ÝHHG-nyň işiniň dowam etridilmeginiň hatyrasyna, käbir regionlarda görnetin syýasy gatyşmazlykda pikirleriň gabat gelmezliginde ylalaşmaly. ÝHHG regonynda we Ýakyn Gündogarda täze ýaragly çaknyşyklar döreýär we täze halkara krizisleri bolup geçýär.
Bu hili şertlerde durnuklylygyň sütünini ýatladýan awtoritar režimler, terrorizmi eksport etmek ýa-da ýadro ýaraglaryny ýaýratmak bilen meşgullanmaýan bolsa, ÝHHG üçin ileri tutulýan mesele bolmaýar.Emma, ÝHHG “doňdurylan konfliklere” ýa-da mysal üçin, gündogar Ukrainadaky krizise gündelik monitoring etmekde özüniň netijeliligini subut etdi.
Emma, uzak möhletli kararlaryň gözlegi üçin iki tarapyň hem syýasy erk-islegi zerur.
BMG-niň şertnamalaýyn organlary sistemasy tarapyndan ýagdaýa, hasabtlylyga we raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn syn berilýän monitoring has netijeli. Ähli maglumat BMG-niň Adam hukuklary baradaky ýokary komissarynyň saýtynda resmi dillerde, edil rus we iňlis dillerinde çap edilýär.
On ýyl mundan öň belli derejede maglumat boşlugy bardy, häzir ähli maglumat raýat jemgyýetiniň wekilleri üçin açyk elýeterlilikde dur; döwletden aýry guramalar alternatiw hasabatlaryny hödürleýärler, raýatlar bolsa has giň hukuklara we ygtyýarlyklara eýe bolup durýar.
Mysal üçin, eger saýtdan Türkmenistana syn etseň, soňky milli hasabatlary, şeýle-de Adam gynalmagyna garşy komitetiň 2017-nji ýylyň ýanwarynda kabul edilen (CAT/C/TKM/CO/2) we Adam hukuklary baradaky komitetiň 2017-nji ýylyň martynda kabul edilen jemleji netijelerini CCPR/C/TKM/CO/2) tapyp bolýar.
Mundanam başga, rekomendasiýalaryň ýerine ýetirilişne gözegçilik edilýär, sebäbi Adam gynalmagyna garşy göreş komiteti “gatnaşyjy-döwletden 2017-nji ýylyň 7-nji dekabryna çenli Komitetiň daşarky dünýäden doly üzňelikde saklamak praktikasyna degişli, tussag astynda daşarky dünýäden üzňelikde saklanylýan ýa-da ýitirim bolan raýatlaryň saklanylýan ýerleri barada maglumat bermek hakynda rekomendasiýalary bilen baglylykda soňky gören çäreleri hakynda Komitete hasabat bermegini soraýar”. (§/41).
Emma has netijeli hukuk guraly Adam hukuklary komiteti tarapyndan raýat we syýasy hukuklar boýunça Halkara paktynyň Fakultatiw protokolyna laýyklykda hödürlenilýän indiwidual “kommunikasiýalar” mehanizmi bolup durýar.Türkmenistan babatynda köp jedelli garaýyşlar boldy, ýöne adam hukuklary baradaky komitetiň jemleýji belliklerinde şeýle diýilýär: “Komitet sud edilen we türmä basylan köp sanly adamyň, şol sabda 2002-nji ýylda ozalky prezidentiň janyna kast etmeklige dahylly şahslaryň ýaşryn tussaglykda saklanmagy we zorlukly ýitirim edilmegi baradaky habarlardan ozalkylary ýaly ynjalyksylnaýar.
Ol gatnaşyjy-döwletiň bu tassyklamalara jogap berip bilmezligi we ol adamlaryň, şol sanda Komitet tarapyndan zorlukly ýitirim edilmegi pidasy diýlip ykrar edilen (seret.CCPR/C/112/D/2069/2011) (§.16) ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň nirede saklanylýandygyny habar bermezligi sebäpli gynanjyny beýan edýär.
Bu tema boýunça adam hukuklary komiteti tarapyndan rekomendasiýanyň bir ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegine monitoring geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, ýörite hasabatçylar dine uýmak azatlygy ýa-da adam hukuklaryny goramak işi, ýörite proseduralaryň çäginde ynasanperwerçilik çagyryşlary boýunça anyk temalryň çäginde işleýärler.Muňa mysal edip eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Işçi toparyň ýa-da Türkmenistandaky on bäş ýyllyk sud praktikasy boýunça zorlukly ýa-da meýletin däl ýitirim edilmek baradaky Işçi toparyň alyp barýan işlerini agzamak bolar.
Meniň ÝHHG üçin hasabat ýazan wagtymda “hiç kimiň territoriýasy” bolmadyk ýurtdaky adam gukuklarynyň ýagdaýy barada häzir her bir adam doly we aktual maglumatlary alyp biler.
Prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy bilen baglylykda türme tussaglygýyna höküm edilen 100-e golaý adam anyklanylmadyk ýagdaýlarda ýitirim boldy, olar barada häzire çenli hiç bir maglumat berilmeýär. Sizde olaryň ykbaly barada nähilem bolsa bir maglumat barmy? Siz olaryň garyndaşlary bilen aragatnaşyk sakladyňyzmy ýa-da saklaýarsyňyzmy?
Zorlukly ýitirim edilmeler baradaky komitetdäki täze wezipämde meni daşarky dünýäden üzňelikde, aklawçy ýa-da maşgala agzlary bilen gürleşdirilmän saklanylýan tussaglaryň ykbaly has köp alada goýýar.Tussaglaryň garyndaşlary muňa zorlukly ýitirim edilmek hadysady hökmünde häsiýetlendirilip biljek gazaply çemeleşme hökmünde düşündiriş berýärler.
Zorlukly ýitirim edilmeklige garşy halkara konwensiýasynyň 17-nji maddasynda “hiç bir adam tussaglykda gizlin saklanmaly däl” diýilýär we hukuk goragy mehanizminiň tutuş spektri nazarda tutulýar.Mälim bolşy ýaly, zorlukly ýitirim bolmak “dowamly jenaýat” bolup durýar we pidanyň adalatly sud edilmeklige, hakykatyň dikeldilmegine hem ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bar.
Adam hukuklary baradaky komitetiň presedent praktikasy, şeýle-de işçi toparlaryň ikisiniň kabul eden kararlary örän wajyp ädim bolup durýar. Ýöne bu gezek döwletiň maglumat bermegi zerur boldy.Adam gynalmagyna garşy komitet Adam hukuklary komitetiniň pozisiýasyny goldaýar: “Komitet, berilýän bahalara laýyklykda, gatnaşyjy-döwletde 90 adamyň uzak wagtyň dowamynda daşarky dünýäden üzňelikde tussag saklanylmagy barada gowuşýan habarlardan rahatsyz bolýar, bu zorlukly ýitirim edilmeklige deň we Konwensiýanyň düzgünleriniň bozulýandygyny aňladýar.
Ol gatnaşyjy-döwletiň Komitete Boris we Konstantin Şyhmyradowlaryň, Batyr Berdiýewiň we Rustam Jumaýewiň, şeýle-de 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda prezidentiň janyna kast etmek synanyşygy bilen baglylykda sud edilen beýleki bir topar adamyň saklanylýan ýerleri barada maglumat bermezliginden aýratyn ynjalyksyz bolýar” (§.9).
Hökümetden aýry gurmalaryň we garyndaşlarynyň pidakärlikli işleriniň arkasyndan, pidalaryň atlary şetnamalaýyn organlar tarapyndan sitirlenýär we halkara jemgyýetçiligine tanyş. Ýagdaýa monitoring etmek we düzgün bozmalara kesgitleme bermek meselelerinde hukuk taýdan yalaşmagy şu dowamlylygynda saklamak örän möhüm.
Meniň eýýäm aýdyşym ýaly, indi meniň ýagdaýy yzarlamak üçin ÝHHG mandatym ýok, emma adamkärçilik nukdaý nazaryndan meni zorlukly ýitirim edilmegiň pidalarynyň ýagdaýy örän alada goýýar, men Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulanmagy üçin mümkin bolan ähli zady etmegi öz borjum hasaplaýaryn.
Men hut jenap Şyhmyradow daşary işle ministri bolan wagtynda Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara pakty we onuň protokollary ýaly esasy ählumumy gurallary tassyklandygyny, olaryň häzir adam hukuklaryny goldamak ulgamy bolup durýandygny ýatlap, Türkmenistanyň ähli adamlary zorlukly ýitirim bolmakdan goramak baradaky halkara konwensiýany tassyklajagyna umyt baglaýaryn.
Bu geljekde 2006-njy ýyldaky Konwensiýanyň tassyklanyljagynyň çynlakaý alamaty bolup hyzmat eder.
Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň 2017-nji ýylyň martynda çap edilen hasabatyna laýyklykda, ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow we prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanayşygy bilen baglyklda sud edilen beýleki bir topar adam, tassyklanylmadyk maglumatlara görä, 2003-nji ýylyň apreli we 2005-nji ýylyň noýabry aralygynda ýaramazlykda tanalýan BL—T/5 türmesinde atylyp öldürilipdir.
Bu türme 2008-nji ýylda ýykyldy, şu sebäpden ähli subutnama ýok edildi.Siz Boris Şyhmyradowyň we beýlekileriň ykbalyny şindem yzlaýarňyzmy?
Mende hiç bir anyk maglumat ýok, emma bütin dünýäde olaryň garyndaşlary öz ýakynlarynyň diridigine umyt bilen ýaşaýar.Halkara konwensiýasynyň 24 §.6 maddasynda, “ýitirim bolan we ykbaly näbelli adamlaryň, şeýle-de olaryň garyndaşlarynyň hukuk ýagdaýyna degişlilikde, hususan-da sosial gorag, maliýe meseleleri, maşgala hukugy we emläk hukugy babatynda, ölüm çaklamasy bolmazdan, “ýitirim bolan adamyň ykbaly doly aýdyňlaşdyrylýança derňew geçirilmek” zerurlygyna aýratyn üns berilýär.
Adamy tussagda gizlin ýagdaýda saklamak öz-özlüginde hem bikanun we bu bendiniň özüni öz maşgalasyndan ömürlik aýrylan adam hökmünde duýmagyna getiriň, onuň üçin “graždan ölümi” bolup biler.Bu ölüm jezasyny ýatyrandygy üçin öwülýän ýurt üçin has-da geň.
Adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy babatynda Türkmenistan 2017-nji ýylda hem, ozalkylary ýaly, ÝHHG üçin “gara deşik” bolup durýar diýip aýtmak mümkinmi?
Meniň pikirimçe, häzir halkara guramalary ýagdaýa ýeterlik derejede çynlakaý syn edýär.Meniň eýýäm aýdyşym ýaly, şu günki günde bizde ýagdaýy doly göz öňüne getirmek mümkinçiligi hem-de ägirt uly maglumat çeşmelerine elýeterlilik bar.
Mesele häkimiýetleriň, izolýasiýadan we ýazgarylmakdan gutulmagyň bir ususly hökmünde, BMG-niň ulgamlary bilen “konstruktiw dialog” gurmaga erk-islegleriniň bolamgynda we jemleýji netijeleri ak ýürekden öwrenmeginde jemlenýär.
Ýöne, ahyrky netijede, adam hukuklary pudagyndaky reformalary başga ýurtlaryň hatyrasyna geçirmeli däl, eýsem öz halkyň hatyrasyna, raýat azatlyklaryna we hukuklaryna kepillikli, eden-etdilikli tussag edilmekden we korrupsiýandan gorky-ürküsiz, açyk we depginli jemgyýetiň ösüşi üçin geçirmeli.
Bu Türkmenistan babatda hem, beýleki ýurtlar babatda hem adalatly.On bäş ýyl mundan öň bolşy ýaly, men muny Türkmenistanyň halkyna şindem çyn ýürekden isleýärin.Häzir maglumat meselesinde has kän aýdyňlyk bar.
Köpüçülikleýin maglumat, habar bermegiň täze serişdeleriniň ulanylmagy bilen amala aşyrylýam medeni rewolýusiýa propaganda we senzura üçin uly synag bolup durýar.Dünýäniň gyrak-bujaklarynda ýaşaýan raýatlar özleriniň unudylmandygyny bilmeli.
Halkara söwdanyň we täze tehnologiýalaryň asyrynda adamlar we jemgyýet has kän özara baglanşyga eýe bolýar. Ählumumy adam hukuklary, raýat jemgyýetiniň we garaşsyz milli guramalaryň aktiw gatnaşmagy bilen, bütin dünýäniň raýatlary üçin birleşdiriji ideýa bolar.
Ýazga geçiren Genriýetta Şrýoder
