ÝÇL 1/8 final: Bawariýa myhmançylykda, Milan öz öýünde ýeňiş gazandy

ÝÇL 1/8 final: Bawariýa myhmançylykda, Milan öz öýünde ýeňiş gazandy

ÝÇL-iň 1/8 final tapgyryndan orun alan iki jübütde deslapky oýunlar bolup geçdi.Olaryň birinjisinde PSŽ öz meýdanynda Bawariýany kabul etdi.Oýnuň birinji ýarymynda iki tarap hem seresaplylyk bilen hereket etdiler. Şol sebäpli-de, birinji ýarymda derwezelere gol urulmady.

Ikinji ýarymda bolsa has ynamly oýnan Bawariýa 53-nji minutda Alfonso Dewisiň pasyndan soňra Kingsli Komanyň uran goly bilen hasaby açdy. 83-nji minutda PSŽ Kilian Mbappe dürs urgusy arkaly hasaby deňledi.

Emma şol pursatda oýundan daşardaky ýagdaý ýüze çykandygy üçin gol hasaba alynmady.Oýnuň ahyrynda Benjamin Pawar Messä garşy gödek oýnap, ikinji sary kart bilen jezalandyryldy we meýdançadan kowuldy. Şonuň üçin hem, ol jogap oýnunda gatnaşyp bilmez.

Şeýlelikde, duşuşyk 0:1 hasabynda myhman topar Bawariýanyň peýdasyna tamamlandy.

Günüň ikinji gapma-garşylygynda Milan öz öýünde Tottenheme garşy meýdança çykdy. Duşuşygyň 7-nji minutynda Braim Dias tarapyndan urlan ýeke-täk gol Milana minimal hasapdaky ýeňşi sowgat etdi.

Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 8-nji martda bolup geçer.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegi toplandy, Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1 million tonnadan gowrak önüm öndürdi, Türkmenistanda güýçli ýagyş ýagar we beýleki habarlar
2022-nji ýylda milli ýygyndylarda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň reýtingi düzüldi
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Koreýa Respublikasynda Son Hyn Miniň ornuny başga futbolçy eýeledi
Keýn Bawariýanyň düzüminde Bundesligadaky ilkinji goluny urdy