Ýedi ganat ýedi ýyldan bäri agaç önümçiligi bilen meşgullanýar

Ýedi ganat ýedi ýyldan bäri agaç önümçiligi bilen meşgullanýar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän Ýedi ganat hojalyk jemgyýetiniň Güýçmyrat Berdiliýew indi 23 ýyl bäri neçjarçylyk bilen meşgullanýar. Ol 2014-nji ýylda hojalyk jemgyýetini döredip, agaçdan mebelleri, pol, diwar üçin, şeýle-de çyglylyga durnukly hammam örtüklerini,stoldur oturgyçlary, aşhana tagtalaryny öndürip başlady. Bu barada Rysgal gazeti habar berýär.

Olar, esasan,müşderilerden gelýän buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Ýedi ganat hojalyk jemgyýetiniň aşhana üçin önümlerine, şol sanda ululy-kiçili tagtalaryna, agaç okaradyr tabaklaryna ýurdumyzyň kafedir restoranlary uly isleg bildirýärler.

Munuň üçin kärhana Türkiýäniň öňdebaryjy tehnologiýasy esasynda enjamlaşdyryldy. Agajy işläp bejeriji, timarlaýjy enjamlar dürli ölçegdäki önümleri sünnäläp ýasamaga mümkinçilik berýär. Önümçilikde dünýäde iň berk, owadan hasaplanýan agaçlar, şol sanda ýerli agaçlar ulanylýar.

Islendik önüm taýýarlanylanda özüne laýyk agaç saýlap alynýar. Olaryň tebigy reňkleri, halkalary özboluşly nagyşlar ýaly, önüme gelşik berýär. Şonuň üçin hem bir önüm beýleki birine meňzemän, ýeke-täk özüne mahsus aýratynlyga eýe bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2020-nji ýylyň jemini jemledi
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
“Altyn Asyr” ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň iki oýunçysy bilen şertnama baglaşdy
"Altyn asyr" Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň goragçy bilen şertnama baglaşdy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr ilkinji duşuşygynda utuk ýitirdi