"Altyn asyr" Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň goragçy bilen şertnama baglaşdy

"Altyn asyr" Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň goragçy bilen şertnama baglaşdy

Altyn asyr çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi bolan Ahalyň güýçli futbolçylarynyň birini ― goragçy Güýçmyrat Annagulyýewi düzümine goşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi ýagdaýda habar berdi.

24 ýaşly goragçy karýerasynda Ahaldan başga-da Nebitçi we Aşgabat futbol toparlarynda hem çykyş etdi. Geçen möwsümde bolsa Ahalyň düzüminde Ýokary liganyň, Türkmenistanyň kubogynyň we Naýbaşy kubogyň duşuşyklaryna gatnaşdy. Üç ýaryşda 26 duşuşyga gatnaşan goragçy şolarda 2300 minutdan gowrak wagt meýdanda boldy.

2018, 2019-njy ýyllarda Ahal bilen AFK-nyň kubogy ugrundaky duşuşyklara hem gatnaşan futbolçy ýurdumyzyň milli ýygyndysynda dört duşuşyk geçirdi. Şol sanda 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýanyň kubogyna hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Mergen Orazow: Türkmen futboly ýokary derejede bolmaga mynasypdyr
Arkadag futbol topary 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini saklaýar
Kubok bäsleşigine badalga berildi:  “Arkadag” “Energetik”- 4:0
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy