Ýedi halkara guramasy sionist režiminiň liderlerini tussag etmek baradaky orderleriň derhal ýerine ýetirilmegini isledi

Ýedi halkara guramasy sionist režiminiň liderlerini tussag etmek baradaky orderleriň derhal ýerine ýetirilmegini isledi

Ýedi halkara guramasy sionist basyp alyjy režiminiň liderlerine Gazada uruş jenaýatlaryny edendikleri üçin Halkara Adalat Sudy tarapyndan berlen tussag etmek baradaky orderleriň ýerine ýetirilişiniň çaltlaşdyrylmagyna çagyrdylar.

Beýanatda ýedi halkara guramasy sionist režimine garşy berlen şikaýatyň çäginde Halkara Adalat Sudy tarapyndan yglan edilen çäreleri goldaýandyklaryny aýdyp, palestinalylaryň açlyk çekmegi we adamzada garşy beýleki jenaýatlar, şol sanda adamzada garşy adam öldürmek, gynamak we adamkärçiliksiz çemeleşmeler bilen baglanyşykly tussag etmek baradaky orderleriň ýerine ýetirilmeginiň zerur we gyssaglydygyny nygtadylar.

Ýedi halkara guramasynyň beýanatynda basyp alyş doly bes edilmezden we onuň liderleriniň sud edilmeginden uzak möhletli parahatçylygyň mümkin däldigi aýdylýar.

Bu beýannama gol çeken guramalar şulardan ybarat: Al-Karama Adam Hukuklary Instituty (Ženewa), Gynang Pidalarynyň Jemgyýeti (Ženewa), Al-Şahab ​​Adam Hukuklary Merkezi (London), Azatlyk Sesi (Pariž), Efdi Halkara (Belgiýa), Al-Adala Adam Hukuklary Gaznasy (Stambul) we Ylalaşyk Adam Hukuklary Guramasy (Ženewa).

Ýene degişli makalalar

Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
"Ysraýyl öz maksatlaryna ýetip bilmedi"
Fedor Konýuhow düýeli syýahata ugrady
Daşoguzenergo önümçilik birleşigi tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar
Türkmen alkogolsyz içgi öndürijisi Yupekchi önümleri bilen Dubaýdaky Gulfood 2024 sergisine gatnaşýar
Parahatçylygyň ýaş çaparlary: III möwsümiň VII saýlama oýny geçirildi