Ýeke-täk syýahatçylyk wizasyny girizdi

Alty arap döwleti 2024-nji ýylda ýeke-täk syýahatçylyk wizasynyň girizilendigini mälim etdi. Bu barada “Аrabian business” habar berýär.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi “şengen” modeline meňzeş salýan syýahatçylyk wizasyna ýaşyl yşyk ýakmak bilen çynlakaý ädim ätdiler. “Arap şengeni” BAE, Saud Arabystany, Katar, Kuweýt, Oman we Bahreýn döwletleri üçin güýje giriziler.

Bu ýurtlaryň içeri işler ministrleri tarapyndan tassyklanan täze bitewi syýahatçylyk wizasy Aýlagdaky arap döwletleri üçin uly üstünlikdir diýip, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş Sekretary Jasem Mohamed Albudaýwi aýtdy.

BAE-niň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk al-Mari aýlagda umumy syýahatçylyk wizasynyň girizilmegi netijesinde, sebitdäki syýahatçylygyň özgerdilmegine garaşylýandygyny belläp geçdi.

Bu başlangyç, aýlag ýurtlarynyň arasynda syýahatçylygyň möçberiniň hem-de myhmanhanalaryň dolujylygynyň ýokarlanmagyny höweslendirip, syýahatçylyk pudagynyň jemi içerki önüme goşýan goşandyny artdyrmagy maksat edinýän 2030-njy ýyla çenli Aýlagdaky arap döwletleriniň syýahatçylyk strategiýasyna laýyk gelýär.

Ahyrky maksat, aýlagy sebitleýin we halkara syýahatçylar üçin öňdebaryjy global ugur hökmünde öňe sürmekden ybaratdyr. BAE-niň ykdysadyýet ministri bu strategik ädimiň sebitde syýahatçylygyň ösmegine itergi berjekdigini we ýakyn ýyllarda sebit syýahatyny has elýeterli we özüne çekiji etmek üçin niýetlenendigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Tramp Eýran gepleşiklerine aýlawly ýollardan gatnaşjakdygyny aýtdy
Eýrana guralýan hüjümlerde amerikaly 6 esger ýogaldy
Azerbaýjan dron hüjüminden soň Eýrandaky diplomatik wekillerini ewakuasiýa etdi
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny ABŞ-na degişli üç harby bazany nyşana alandygyny mälim etdi
Ýakyn Gündogardaky söweş çuňlaşýar