Ýerde bütin taryhdaky iň yssy gün hasaba alyndy

Ýerde bütin taryhdaky iň yssy gün hasaba alyndy

ABŞ-nyň Ekologik çaklamalaşdyryş milli merkezi şu hepdäniň duşenbe gününi 3-nji iýuly synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy gün hökmünde hasaba aldy diýip, The Guardian neşirine salgylanýan Tengrinews.kz habar berýär.

Meteorologlaryň maglumatlaryna görä, Ýerde 3-nji iýulda ortaça howa derejesi Selsiý boýunça 17 gradusdan ýokary boldy, bu synlamalaryň başlanan senesi bolan 1979-njy ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir.

Adatdan daşary ýokary howa derejesiniň sebäbi Ýuwaş ummanyň ekwatorial bölegindäki suw üstüniň temperaturasynyň üýtgäp durmagyny alamatlandyrýan El-Nino hadysasydyr.

El-Nino— bu güýçli tebigy hadysa bolup, Ýuwaş ummanyň ekwatorial bölegindäki suwuň temperaturasynyň yzygiderli ýokarlanmagydyr. Ol bütin planetanyň howa ýagdaýyna täsir edýär. Öň 2016-njy ýylyň awgustynda hasaba alnan rekord 16,92 gradusa deň bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?
Saud Arabystanynyň ähli mekdeplerinde hytaý dili girizilýär
Birmingem şäheri batandygyny yglan etdi
Gyrgyzystan gazak elektrik toguny satyn almakçy
Plasido Domingo Dimaş Kudaýbergene bilelikde aýdym aýtmagy teklip etdi
Indoneziýada Ýer Titredi