Ýerewanyň köçelerinde türkmen baýdagy parlaýar

Ýerewanyň köçelerinde türkmen baýdagy parlaýar

Şu günler Ermenistanyň paýtagty Ýerewanyň merkezi köçelerinde ýerleşdirilen uly ekranlarda türkmen baýdagy parlaýar. Paýtagtyň ýaşaýjylary şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda görkezilýän fleş-moby iki günlük synlap bilerler.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu özboluşly aksiýa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy 2021-nji ýylyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ýerewan şäheriniň häkimliginiň hem-de şäheriň Karen Demirçýan adyndaky metropoliteniniň ýardam bermeginde fotosergi gurapdy. Şonda Ýerewan metrosynyň degişli stansiýasynda ýerleşdirilen fotopannolar arkaly şäheriň ýaşaýjylarydyr myhmanlary Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşleri, medeni gymmatlyklarydyr däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary açylar, Aşgabatda ýene bir medeni-dynç alyş seýilgähi açylar, Türkmenistan CAFA Futsal Cup çempionatynyň dördünji aýlawynda Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki habarlar
“Netflix”-iň täze serialy “Anna Karenina”
Mýanmadaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Mýanmadaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär