Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şol sanda häzirki gün tertibinde duran birnäçe bilelikdäki başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirip, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Grodno şäherinde Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ilçi Szi Şumin: Hytaýda Türkmenistanyň medeniýetine we döwlet diline gyzyklanma artýar
Türkmenistanyň DIM-nde Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi