Ýewropa Ligasynda Çempionlar Ligasynyň bijesi:  “Barselona” “Mançester Ýunaýted”

UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finala çykjak 8 kluby kesgitleýän pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Çempionlar Ligasynyň klublaryny özünde jemleýän ýaryşyň pleý-off tapgyrynda “Barselona” “Mançester Ýunaýted” bilen bije çekişdi. “Ýuwentusyň” bijesine “Nant” düşen bolsa “Aýaks” bilen “Union Berlin” 1/8 finala çykmak ugrunda göreşerler. “Baýer” bilen “Monakonyň”, “Sewilýa” bilenem PSW-niň, “RB Salsburg” bilenem “Romanyň” özara duşuşyklary-da pleý-offuň beýleki esasy duşuşyklary bolar.

Duşuşyklar 16-njy we 23-nji fewralda oýnalar. Ýeňiş gazanan toparlar 1/8 finala çykarlar. 1/8 finalyň bijeleri bolsa 24-nji fewralda çekiler.

Ýewropa Ligasy pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary:

“Barselona” “Mançester Ýunaýted”

“Ýuwentus” “Nant”

“Sporting” “Midtýulland”

“Şahtýor Donesk” “Renn”

“Aýaks” “Union Berlin”

“Baýer” “Monako”

“Sewilýa” PSW

“RB Salsburg” “Roma”

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Ançelottiniň 100-nji ýeňşi, rekorda golaýlady
Wagtyndan öň 1/8 finala çykmakda “Real Madrid” öz rekordyny täzeledi
Şu gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 5-nji tapgyra badalga berler