Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynda “Benfika” “Arsenal” bilen, “Mançester Ýunaýted” “Real Sosiedad” bilen bije çekişdi

Az salym öň UEFA Ýewropa ligasynyň hem 2-nji tapgyrynyň, has takygy, 1/16 finalynyň bijeleri çekildi. “Milan”, “Arsenal”, “Mançester Ýunaýted”, “Tottenham”, “Aýaks”, “Roma”, “Napoli” ýaly güýçli klublaryň çykyş edýän ligada çekilen bijelerden soň, janköýerlere gyzykly duşuşyklar garaşýar.

Kubogyň dalaşgärlerinden, Çempionlar ligasyndan goşulan “Mançester Ýunaýted” ispan topary “Real Sosiedad” bilen bije çekişdi.Başga bir çekeleşikli bolmagyna garaşylýan oýunda-da “Benfika” bilen “Arsenal” özara güýç synanyşar.Muzeýindäki ýeri boş duran ýeke-täk kubok bolan Ýewropa ligasyna ymtylýan Italiýanyň “Milany” serb kluby “Srwena Zwezda” kluby bilen 1/8 finala çykmak ugrunda özara göreşer.

1/16 finalyň 1-nji oýunlary 18-nji fewralda, jogap duşuşyklary-da 25-nji fewralda oýnalar.

UÝL-iň 1/16 finalynyň bijeleri:

Wolfsberg Tottenham

Dinamo Kiýew Klub Brýugge

Real Sosiedad Mançester Ýunaýted

Benfika Arsenal

Srwena Zwezda Milan

Antwerpen Reýnjers

Slawiýa Praga Lester Siti

Salsburg Wilýarreal

Braga Roma

Krasnodar Dinamo Zagreb

Ýang Boýz Baýer

Molde Hoffenhaým

Granada Napoli

Makkabi Tel-Awiw Şahtýor Donesk

Lill Aýaks

Olimpiakos PSW

The post Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynda “Benfika” “Arsenal” bilen, “Mançester Ýunaýted” “Real Sosiedad” bilen bije çekişdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
16 duşuşyk 48 gol
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
“Milan” 24 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy