Ýewropa Parlamentinde sagçy topar döredilýär

Fransiýanyň sagçy “Milli bileleşik” partiýasynyň wekilleri Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban tarapyndan Ýewropa Parlamentinde döredilen sagçy güýçleriň “Ýewropanyň patriotlary” bileleşigine goşular. Bu barada “Politico” ýazýar.

Çeşmeler “Milli bileleşikden” gelen topar bilen bilelikde sagçy partiýalaryň täze bileleşiginiň Ýewropa parlamentinde üçünji uly syýasy güýje öwrüljekdigini habar berýär.Häzirlikçe “Milli bileleşik” parlament fraksiýasynyň başlygy Marin Le Peniň wekiliýetinden 30 sany Ýewropa wekili henizem sagçy “Şahsyýet we demokratiýa” fraksiýasyna girýär.

Olaryň “Ýewropanyň patriotlary” toparyna goşulmagy, Fransiýada geçirilen nobatdan daşary saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňilenden soň yraň atan “Milli bielleşigiň ” ýagdaýyny ep-esli güýçlendirer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Ulag-logistika ulgamynyň täze gözýetimleri
Ben Gwir bikanun ýaşaýyş jaýlaryna sanksiýa giriznegi sebäpli ÝB-ni "antisemitizmde" günäkärleýär
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
56 ýyldan soň 1 oýunda 14 gol
Taryhynda ilkinji gezek yzly-yzyna 3 oýunda gol geçirdi
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)