Ýewropa ýurtlary öňdeligi eýeledi

Ýewropa ýurtlary öňdeligi eýeledi

Ýel we Kolumbiýa uniwersitetleriniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan Ekologiýa netijeliliginiň görkezijisi (EPI) boýunça täze dünýä reýtinginde Ýewropa döwletleri durnukly ösüş babatda birinji orny eýeledi. Ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ornaşdyrmagy başaran Estoniýa Respublikasy 75 utuk bilen sanawyň birinji ornuny eýeledi.

Sanawda Lýuksemburg (74 utuk) we Beýik Britaniýa (72 utuk) degişlilikde yzygiderli orunlary eýeläp, reýtingiň ilkinji 20 ornunyň agramly bölegini Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar eýelediler.

Hünärmenler reýtingde ýokary netijeler gazanylan hem bolsa, klimatyň üýtgemegine garşy göreşde ähli döwletleriň esasy maksatlara ýetmekden entek uzakdadygyny belleýärler. Ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylary boýunça dünýäde öňdebaryjy döwletler bolan Hytaý we ABŞ 2050-nji ýyla çenli zyňyndylary nola düşürmek baradaky meýilnamalaryndan yza galýarlar.

Bu ugurda ABŞ reýtingde 27-nji, Hytaý 129-njy orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, senagaty gowşak ösen we girdejisi pes bolan ýurtlar ekologiýa taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekde maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi sebäpli uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Tebigy gurşawy goramakda belli bir derejede kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Laos, Hindistan, Bangladeş, Mali we Wiýetnam ýaly döwletler sanawyň soňky hatarlarynda ýerleşdi. Bu ýurtlarda ekologiýa degişli meseleler ilatyň saglygyna öz täsirini ýetirýär. Ekologiýa taýdan durnuklylygy gazanmak üçin dünýä bileleşiginiň, aýratyn hem ösen ýurtlaryň ösüp barýan döwletlere “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmakda goldaw bermeginiň zerurdygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Iň köp tüwi sarp edýän ýurtlar
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi