Ýewropada audiokassetalary öndüriji kärhana önümçiligi iki esse artdyrmakçy

Ýewropada audiokassetalary öndüriji kärhana önümçiligi iki esse artdyrmakçy

Ýewropa Bileleşigindäki audiokasseta öndüriji ýeke-täk RTM Industries kompaniýasy islegiň ýokarydygy sebäpli, öz önümçiligini iki esse artdyrmakçy. Bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

RTM Industries kärhanasy eýýäm 40 ýyla golaý wagt bäri audiogöterijileriň önümçiligi bilen meşgullanýar hem-de bu nusgawy göterijilere islegiň artandygyny habar berdi.

Fransiýanyň Awranş şäherinde ýerleşýän kärhana Ýewropada iň soňky audiokasseta öndüriji bolup durýar. Häzir bütin dünýäde audiokassetalary çykarýan bary-ýogy üç kärhana bar.

Kärhana günde bir ýarym müň töweregi kasseta öndürýär, ol bu görkezijini 3 müňe ýetirmekçi. Audiokassetalaryň bazary 2022-nji ýyldan bäri her ýyl 20 göterim ösýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe-Yrak Howpsuzlyk Mehanizminiň Maslahaty Bagdatda Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şahbaz Şarif Türkiýe Bilen Söwda Gatnaşyklarynyň Ösdürişmegi Üçin Çagyryş Etdi