Ýewropada halkara futbol ýaryşlaryna badalga berilýär

Ýewropada halkara futbol ýaryşlaryna badalga berilýär

Ýewropa futbolynyň guramaçysy UEFA-nyň täze möwsümdäki klub ýaryşlaryna ertir badalga berler. Futbol janköýerleriniň iň söýgüli bäsleşigi bolan UEFA Çempionlar ligasynda 30-njy möwsümiň (umumylykda 67-nji möwsüm) ilkinji duşuşyklary oýnalar. 8 toparçada 32 klub bolup, ilkinji tapgyryň iň esasy oýunlary hökmünde Barselona-Bawariýa, Inter-Real Madrid, Liwerpul-Milan duşuşyklaryny görkezmek bolar.

Sişenbe günki oýunlarda Aşgabat wagty bilen 21:45-de başlajak duşuşyklarda Ýang Boýz öz meýdançasynda Mançester Ýunaýtedi, Sewilýa bolsa Salsburgy kabul eder. 00:00-da bat aljak oýunlaryň iň esasy-da “E” toparçada Barselona bilen Bawariýanyň arasynda bolar. Iki toparyň soňky özara duşuşygynda geçen ýylyň awgust aýynda nemes kluby güýçli garşydaşyny taryhy hasap bilen 8-2 hasabynda ýeňipdi.

Şeýle-de soňky çempion Çelsi hem öz meýdançasynda Russiýanyň çempiony Zeniti kabul eder. Çempionlar ligasynda çarşenbe güni-de 8 duşuşyk oýnalyp, olardan Inter-Real Madrid, Liwerpul-Milan duşuşyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Geçen ýylda-da bir toparça düşen Inter, Real Madrid, Şahtýor toparlary bu gezek liganyň debýutanty Şeriff bilen güýç synanyşarlar.Geçen möwsümde Inter, Real Madrid, Şahtýor toparlary Borussiýa M kluby bilen duşuşypdy.

Real bilen Borussiýa M toparlary ýoluny dowam etdirip, Inter toparçada 4-nji ýeri eýeläpdi. 7 ýyldan soň Çempionlar ligasyna dolanan Milanyň köne garşydaşy Liwerpul bilen geçirjek duşuşygy-da köpleriň üns merkezinde.

Iki klub 2005-nji ýylda Çempionlar ligasynyň ýatdan çykmajak finalynda duşuşyp, 3-0 öňe saýlanan Milan penaltileriň soňunda kubogy iňlislere aldyrypdy. 2 ýyldan soň finalda-da Milan 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

UEFA Çempionlar ligasynda 30-njy möwsümiň çempiony geljek ýylyň 28-nji maýynda Sankt-Peterburgdaky Gazprom Arenada oýnaljak finalda belli bolar.

Galyberse-de, UEFA-nyň täze ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň ilkinji duşuşyklary-da ertir oýnalar. Täze ýaryşyň ilkinji duşuşyklarynda Ysraýylyň Makkabi Haýfa we Makkabi Tel-Awiw toparlary öz meýdançasynda degişlilikde, Feýenoord hem-de Alaşkert toparlary bilen duşuşarlar.

Konferensiýa ligasynyň galan duşuşyklary penşenbe güni oýnalar.

Şeýle-de UEFA Ýewropa Ligasy hem çarşenbe günündäki Spartak Moskwa-Legia Warşawa duşuşygy bilen täze möwsüme badalga alar. Topar sanynyň azaldylmagyndan soň, güýçli klublary, Çempionlar ligasynyň klublaryny özünde jemleýän Ýewropa ligasynyň beýleki duşuşyklary penşenbe güni geçiriler.

UEFA Çempionlar ligasynda 2021/22 möwsüminiň toparçalardaky ilkinji duşuşyklary:

Sişenbe güni (14.09.2021)

Ýang Boýz Mançester Ýunaýted (21:45)

Sewilýa Salsburg (21:45)

Barselona Bawariýa (00:00)

Dinamo K Benfika (00:00)

Wilýarreal Atalanta (00:00)

Lill Wolfsburg (00:00)

Çelsi Zenit (00:00)

Malmö Ýuwentus (00:00)

Çarşenbe güni (15.09.2021)

Beşiktaş Borussiýa D (21:45)

Şerif Şahtýor D (21:45)

Mançester Siti Leipsig (00:00)

Klub Brýugge Pari Sen Žermen (00:00)

Atletiko Madrid Porto (00:00)

Liwerpul Milan (00:00)

Sporting Aýaks (00:00)

Inter Real Madrid (00:00)

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
“Mançester Siti” bilen PSŽ “A”, “Bawariýa” bilenem “Barselona” “E” toparçada
“Şerif Tiraspol” UEFA Çempionlar ligasynyň täze wekili
Şu gün Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň bijeleri çekiler