Ýewropada satylan ulaglaryň bäşden biri elektrik energiýasy bilen işleýär

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) ýurtlarynda elektrik awtoulaglarynyň umumy satuwdaky paýy awgust aýynda ilkinji gezek 20 göterimden ýokarlandy. Sebit ýurtlarynda şu ýylyň başyndan bäri satylan elektrik awtoulaglaryň sany 984 müň 864-e deň boldy.

Ýewropa awtoulag öndürijiler birleşigi awgust aýynda ÝB ýurtlarynyň awtoulag hasaba alyş maglumatlaryny yglan etdi. Maglumatlara görä, ýurtlarynda täze awtoulag satuwy geçen aý 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21 göterim ýokarlanyp, 787 müň 626-a ýetdi.

Bileleşige agza ýurtlarda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda täze ulaglaryň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,9 göterim artyp, 7 million 78 müň 464-e ýetdi.Awgust aýynda satylan täze awtoulaglaryň 32,7 göterimi benzin, 23,9 göterimi gibrid, 21 göterimi doly elektrikli, 12,5 göterimi dizel, 7,4 göterimi zarýad berip bolýan gibridli we 2,5 göterimi beýlekilerden ybarat boldy.

Şeýlelik bilen, ÝB ýurtlarynda umumy satuwda elektrik awtoulaglarynyň paýy ilkinji gezek 20 göterimden geçdi we dizel awtoulaglaryndan hem öňe geçdi.

Elektrikli awtoulag satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awgust aýynda 118,1 göterim ýokarlanyp, 165 müň 165-e ýetdi. Şeýlelik bilen, şu ýylyň başyndan bäri satylan elektrik awtoulaglarynyň sany 984 müň 864-e ýetdi.

Awtoulag söwdasy Germaniýada 37,3 göterim, Fransiýada 24,3 göterim we awgust aýynda Italiýada geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,9 göterim ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Ekspert: Türkmenistan Günbatara gaz ibermegiň mümkinçiliklerine 'çynlakaý' çemeleşip başlady
Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirdi
Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler
ÝB Eýranyň Damaskdaky Konsullygyna Guralan Hüjümi Ýazgardy
Türkmenistanyň gümrük işgärleri ÝB ýurtlarynyň uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak tejribesini öwrendiler
ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez