Ýewropalylaryň öýde ýeke özi

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly, ýeke ýaşaýanlaryň 2013-2023-nji ýyllar aralygynda artandygy mälim edildi.Germaniýanyň federal statistika edarasy (Destatis) Ýewropa statistika edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp, ýeke ýaşaýanlar barada maglumat ýaýratdy.

Geçen ýyl ýurduň ilatynyň bäşden birinden gowragy (20,3 %) öýde ýeke özi ýaşapdyr. Ýewropa ýurtlarynda bolsa bu görkeziji ortaça 16,1 göterim bolupdyr.Finlýandiýada 25,8%, Litwada 24,6%, Şwesiýada 24,1%, Daniýada 23,5% we Estoniýada 21,5% ilat ýekelikde ýaşap bu ugurda öňdeligi eýeläpdir.

Bu görkezijiniň iň pes ýurtlary bolsa Slowakiýada (3,8%) we Irlandiýada (8,3%) hasaba alnypdyr. 2013-nji ýylda Ýewropada ilatyň 14,2 göterimi öýde ýeke ýaşaýan eken.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
2026-njy ýylyň iň güýçli pasportlarynyň sanawy
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi
Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy