Ýewropanyň iň garry zenan ýaşaýjysy 116 ýaşynda aradan çykdy.Ol Italiýada ýaşaýardy.Bu barada ýurduň “Ansa” habarlar gullugy habar berýär.Juzeppina Proetto-Frau şu ýylyň 6-njy iýulynda Florensiýa şäheriniň Montelupo-Forentino ýaşaýyş toplumynda aradan çykdy.
Ol 116 ýyl 37 gün ýaşady.Proetto-Frau diňe Italiýanyň iň uzak ýaşan ýaşaýjysy bolman, eýsem, dünýäniň hem 117 ýaşyndaky ýaponiýaly Tiýe Miýakodan soňky ikinji iň garry zenan maşgalasydy.Juzeppina Proetto-Frau 1902-nji ýylyň 30-njy maýynda dünýä inipdir.
Onuň aýtmagyna görä, bir gün hem şokolad iýmän oňup bilmändir.Montelupo-Forentino ýaşaýyş toplumynyň meri Paolo Masetti her ýyl Juzeppinany doglan güni bilen gutlaýan eken.Juzeppina 2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda ispaniýaly 116 ýaşly Wela Rubio aradan çykandan soňra, Ýewropanyň iň garry ýaşaýjysy bolupdy. Şeýle hem ol 2018-nji ýylyň 12-nji fewralynda taryhda ýaşap geçen iň garry adamlaryň sanawynda 20-lige (18-nji orun) girmegi başardy.Şu ýylyň maý aýynda Beýik Britaniýanyň iň garry ýaşaýjysy Bessi Kamm 113 ýaşynda aradan çykypdy.
Ol 1904-nji ýylda dünýä inipdi we ýaşan döwründe 5 britan patyşalygy tagta çykypdy.
