Ýewropanyň iň uly energiýa saklaýyş desgasy işe girizildi

Belgiýanyň Walloniýa welaýatynda Ýewropadaky iň uly energiýa saklaýyş desgasyny işe girizdi.Bu ýerde 40 litiý-ion batareýalar elektrik toguny saklaýar we howa şertleri sebäpli ýel we Gün elektrik stansiýalaryndan alynýan energiýa ýetmezçilik edende liniýany energiýa bilen üpjün edýär. “Corsica Sole” şereketiniň durmuşa geçiren taslamasy energiýanyň durnuklylygyny gazanmaga ýardam eder.

Kompaniýanyň ýokary derejeli wekili Maýkl Kodiser batareýalaryň bu ýerde öndürilýän arassa energiýa çeşmeleri arkaly zarýad alýandygyny belleýär.Saklaýyş desgasy sagatda 100 MWt elektrik geçirip biler.Bu ýerdäki her batareýanyň bahasy takmynan 800 müň ýewro düşüpdir.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin bolsa, 30 million ýewro sarp edilipdir.Birnäçe äpet batareýadan durýan bu desgalar soňky ýyllarda iri şäherlerde elektrik energiýasynyň ýetmezçilik edýän wagtynda ýüze çykýan bökdençlikleri aradan aýyrmak maksady bilen gurulýar.

Bu desgalar energiýanyň artykmaç öndürilýän wagty zarýad alyp, köp sarp edilýän wagty elektrik liniýasyny energiýa bilen üpjün edýär.

Ataş Gandymow,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Braziliýada iri Gün bekedi gurlar
Dünýäniň iň uly tolkun elektrik bekedi gurlar
Nemes kompaniýasy Angliýada Gün energiýa bekedi gurar
Suwüsti ýel bekedi gurlar
Aňsatlyk bilen gurnalýan Gün paneli öndürildi