Braziliýada iri Gün bekedi gurlar

“Equinor” kompaniýasy Braziliýada önümçilik kuwwaty 531 MWt-a barabar bolan Gün elektrik bekedini gurarlar.Rio-Grande-do-Norte ştatynda guruljak desga “Scatec”, “Hydro Rein” we “Equinor” şereketleri tarapyndan bilelikdäki gurlar. “Equinor” kompaniýasy mundan ozal hem ýurtda şeýle taslamany durmuşa geçiripdi. 2024-nji ýyldan başlap, bu iki desgada her ýylda 1,2 TWt elektrik energiýasy öndüriler.

Bu beket 620 müň maşgalany elektrik energiýasy bilen üpjün eder.Bu ýerde öndüriljek elektrik energiýasynyň, takmynan, 60 göterimini alýumin önümçiligini dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň bolan “Alunorte” satyn alar.Bu iki kompaniýa elektrik energiýasyny satmak we satyn almak boýunça 20 ýyllyk şertnama gol çekdiler. Önümçiligiň galan 40 bölegi Braziliýanyň elektrik bazarynda goýberiler.

“Equinor” ýakynda Daniýanyň Gün panellerini öndüriji “BeGreen” şereketini satyn almak üçin ylalaşyk gazanypdy.Häzirki wagta çenli “Equinor” Daniýada, Şwesiýada we Polşada dürli taslamalary durmuşa geçirdi.Mundan başga-da, “Equinor” Demirgazyk deňzindäki nebit-gaz platformalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin dünýäniň iň uly ýüzýän ýel bekedini gurýar.

Sebit, 2050-nji ýyla çenli Ýewropanyň energiýa howpsuzlygy we ýaşyl geçişde möhüm rol oýnamagyny dowam etdirer. Şeýle megataslamalaryň durmuşa geçirilmegi “Equinor” -a Ýewropa bazaryna arassa energiýa üpjünçiligini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Gadam Baýramow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyñ mugallymy

Ýene degişli makalalar

Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Ýaponiýada dünýäniň iň uly suwüsti ýel turbinasy gurlar
Ýewropanyň iň uly energiýa saklaýyş desgasy işe girizildi
Dünýäniň iň uly tolkun elektrik bekedi gurlar
Nemes kompaniýasy Angliýada Gün energiýa bekedi gurar
Suwüsti ýel bekedi gurlar