Ýaponiýada dünýäniň iň uly suwüsti ýel turbinasy gurlar

Ýaponiýanyň Toda we Osaka uniwersitetiniň hünärmenleri dünýädäki iň uly suwüsti ýel turbinasynyň taslamasyny taýýarlaýandyklary barada habar berdiler.Inženerler ilki 15 MWt elektrik energiýasyny öndürip bilýän nusgalyk turbinasyny gurmagy maksat edinýärler.

Synag işleri birnäçe tapgyrda geçiriler. Ýel bekediniň hakyky nusgasynyň gurluşygyna bolsa 2025-nji ýylda başlanar.Barlag topary geljek ýylda suwüsti turbinanyň uly göwrümlisini döreder.Topar deňizdäki ýel turbinalary we deňiz tehnologiýasy boýunça ýöriteleşen Toda we Osaka uniwersitetinden 10 inženerden ybaratdyr.

Işiň bu tapgyrynyň esasy wezipesi, ýüzýän platformadaky töwekgelçilikleri hem-de ýükleri seljermek, şeýle enjamlaryň köpçülikleýin öndürilmegi we elektrik geçirijisi bilen baglanyşykly meseleleri seljermek üçin kompýuter modellerini ösdürmekden ybarat bolar.

2024-nji ýylda inženerler 10 MWt elektrik öndürmäge ukyply suwüsti turbina zawodyny gurarlar. 2025-nji ýylda bolsa periini uzynlygy 200 metre barabar bolan ýel turbinasyny gurmak meýilleşdirilýär. Ol häzirki suwüsti turbinalardan üç esse önjeýli bolar. Deslapky çaklamalara görä, şeýle turbina 12-15 MWt elektrik öndürip biler.

Deňiz düýbüniň üstünde oturdylan stasionar ýel turbinalary bilen deňeşdirilende, ýüzýän turbinalary gurmak we işletmek has gymmatdyr. Şeýle-de bolsa Ýaponiýanyň töwereginde ýalpak deňizleriň bolmazlygy ýüzýän ýel turbinalarynyň taslamasyny durmuşa geçirmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, Ýaponiýada suwüsti turbinalaryň ýerleşdiriş mümkinçiligi, deňiz meýdanyndaky desgalara garanyňda suw meýdany taýdan üç esse ýokarydyr.

Dünýägözel Gylyjowa,

Türkmenistanyñ Inzener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ mugallymy.

Ýene degişli makalalar

26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýewropanyň iň uly energiýa saklaýyş desgasy işe girizildi
Braziliýada iri Gün bekedi gurlar
Dünýäniň iň uly tolkun elektrik bekedi gurlar
Nemes kompaniýasy Angliýada Gün energiýa bekedi gurar
Suwüsti ýel bekedi gurlar