Ýigit kompaniýasy halkara sergisiniň diplomyna we kubogyna mynasyp boldy

Golaýda Türkmenistandan Ýigit hojalyk jemgyýeti Moskwada geçirilen Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary-2019 4-nji maýa goýum forumynda-sergisinde GDA-nyň ýyladyşhana pudagynda innowasion ösüş ugrundan diploma we kuboga mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Ýigit HJ-niň sergä hödürlän ekologiýa taýdan arassa önümlerine çärä gatnaşan 20 ýurduň wekilleri, şol sanda Russiýadan we GDA ýurtlaryndan iri ýyladyşhana toplumlarynyň hem-de oba hojalyk holdingleriniň ýolbaşçylarynyň 700-si ýokary baha berdiler. Forumda şitil saýlamakdana tä eksport meselelerine çenli ugurlarda tejribe alşyldy, öňdebaryjy iş usullary barada söhbetdeşlikler boldy.

Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary-2019 forumy-sergisi bu pudaga maýa goýumlaryny çekmek we ösüş strategiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bazary esasy üpjün edijileriň arasynda tejribe alyşmak we özara peýdaly täze şertnamalary baglaşmak üçin abraýly halkara meýdançasydyr.

Ýigit HJ-niň pudak boýunça milli we halkara gözden geçirişleriň birnäçesiniň laureaty hem-de diplomanty bolandygyny bellemek gerek. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan bu hojalyk jemgyýeti Oba hojalyk önümlerini öndüriji ugrundan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bäsleşiginiň laureaty boldy, şeýle hem 22-nji Halkara WorldFood Ukraine 2019 sergisiniň diplomyna mynasyp boldy.

Pomidory iri öndüriji Ýigit hojalyk jemgyýeti oba hojalygynyň bu pudagynda netijeli işleýär. Şu ýyl on gektar ýapyk meýdanda üç müň tonnadan gowrak pomidor ýetişdirildi. Hasylyň ýaryndan gowragy BAE, Gyrgyzystana, Gazagystana, Russiýa Federasiýasyna eksport edildi. Ekologiýba taýdan arassa önümi ugratmak barada Polşanyň, Ukrainanyuň, Belarusyň wekilleri bilen gepleşikler geçirilýär.

Geljek, 2020-nji ýylda Ýigit HJ ýapyk meýdanda 12 müň tonna pomidor ýetişdirmegi we ýerlemegi göz öňünde tutýar. Täze meýdanlarda bu ekiniň ýokary hasylly saýlama görnüşleri ekiler.

Ýene degişli makalalar

Sekiz sany türkmen kompaniýasy Italiýada geçirilýän Macfrut 2024 sergisine gatnaşýar
USAID GLOBALG.A.P. sertifikatyny almak üçin Türkmenistanyň iň uly badam öndürijisine goldaw berýär
Türk aktýorlary Türkmenistanda bolarlar
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Buse Tosun Çawuşoglu Dünýä Çempiony Boldy
SERPAÝYŇ KÄMIL SUNGATY
Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar