SERPAÝYŇ KÄMIL SUNGATY

SERPAÝYŇ KÄMIL SUNGATY

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Serpaý folklor-etnografiýa studiýasy 1997-nji ýylyň 25-nji dekabrynda döredildi. Onuň çeper ýolbaşçy wezipesine Türkmenistanyň halk artisti Gülşirin Alyjanowa bellenildi.

Serpaý döredijilik topary Türkiýe, Italiýa, Polşa, Ispaniýa, ABŞ, Awstriýa döwletlerinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Özbegistanda, Russiýa Federasiýasynda, Saud Arabystany Patyşalygynda, Belarus Respublikasynda, Täjigistanda, Koreýa, Hytaý Halk Respublikalarynda birnäçe gezek döredijilik saparlarynda bolup, kämil türkmen sungatyny bütin dünýä ýüzüne ýaýdy.

Studiýada zähmet çeken aýdymçy-sazandalaryň birnäçesi häzirki wagtda hormatly atlara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolup, ussatlyga ýetişdiler. Olardan Türkmenistanyň halk artistleri Kyýas Durdyýewiň, Mähri Annageldiýewanyň, Halbike Dowyýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Begmyrat Gylyjowyň, Ogulbibi Reýimowanyň we Läle Begnazarowanyň atlary bellärlikdir.

Toparyň döredijiligi milli aýdym-sazlara, tanslara diýseň baý bolup, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, gülleýän, gül açýan Türkmenistan döwletimizi, äleme ady dolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdymlaryň we milli halk aýdymlarymyzyň 100-e golaýy bar.

Bu aýdymlaryň 50-ä golaýyna tans goýlan.Mysal üçin: Bedew batly diýarym, Palow tansy, Bu seniň arzuwlan döwrüň, Pyragy!, Bagtyýarlyk joşguny, Gül ýüzüňe perwana men, Ýigitler tansy, Üme toýy, Ak şäherim Aşgabat, Dostluk tansy.

Serpaý folklor-etnografiýa topary Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl yglan edýän Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşigine işjeň gatnaşyp, bu abraýly bäsleşigiň ýeňijileri bolup gelýärler.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy