Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagy boýunça meselelere seredildi.

Ýene degişli makalalar

Balkanlylaryň käbiri prezidentiň ABŞ saparyndan 'özgerişe' garaşsa, ýene bir bölegi 'umyt ýok' diýýär
Türkmenistanyň we Moldowanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
AŞGABATDA BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri özara gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar