Koreýa Respublikasynyň milli demir ýol edarasy bolan Korail düzüminde bar bolan otlulary täzelemegi maksat edinýär.Korail jemi 49 sany EMU-320 otly düzümini 5 trillion wona satyn alar. Ýokary tizlikli otlular 2032-nji ýyldan başlap hyzmata hödürlener. Şeýlelikde, ýolagçylaryň barha artýan islegi kanagatlandyrylar.
Häzir ulanylýan KTX-I otlulary bolsa, ulanyşdan galdyrylar.Täze alynjak otlularyň her biri 16 wagondan ybarat bolar. Şeýlelikde, jemi 784 täze wagon hyzmata hödürlener.Otlular ýurduň Hyundai Rotem kompaniýasyna sargyt ediler.
1997-2003-nji ýyllar aralygynda Alstom we Rotem kompaniýalary tarapyndan TGV tehnologiýasy esasynda öndürilen KTX-I otlulary 2033-nji ýylda ulanyşdan galdyrylar.Täze EMU-320 otlulary has ýokary tehnologiýa bilen öndürilip, wagonlary diňe öňdäki teplowoz däl, wagonlaryň aşagyna ýerleşdirilen motorlar hereket etdirer.
Bu tehnologiýa biri-birine ýakyn ýerleşýän beketleriň arasynda gysga wagtda bat almaga we saklanmaga mümkinçilik berer. 16 wagonly otlular 1 müň ýolagçy orunlyk bolup, sagatda 320 kilometr tizlikde hereket edýär.
Häzirki ulanylýan 20 wagonly KTX-I otlulary 955 orunlykdyr.
