Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundydan satyn alyň!

Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär.Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny Play Market mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz.

Android ulgamlary üçin niýetlenen täze mobil goşundysy ýolagçy otly peteklerini onlaýn görnüşde satyn almak üçin amatly we üsti ýetirilen mümkinçilikleri hödürleýär. Täzelenen Railway mobil goşundysy iň täze we köne Android ulgamly enjamlarda ýeňil işleýändigi bilen tapawutlanýar. Onuň kömegi bilen ýolagçy otly peteklerini oturan ýeriňizde amatly we tiz usulda onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Ýakyn wagtda mobil goşundysynyň iOS ulgamly maglumat enjamlary üçin niýetlenen täze görnüşi hem işe giriziler.

Mobil goşundysy arkaly ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn usulda 15 gün öňünden satyn alyp biljekdigiňizi habar berýäris.

Ýene degişli makalalar

ÝOLAGÇY OTLULARYNA ELEKTRON BILETLERI ONLAÝN RESMILEŞDIRMEGIŇ TERTIBI TASSYKLANDY
Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundydan satyn alyň!
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
Sagatdaky tizligi
Turkmen-Afghan talks in the field of transport