Ýolöteniň pagta arassalaýjy kärhanasy 2 müň 129 tonna tohumlyk gowaça çigidini taýýarlady

Ýolöteniň pagta arassalaýjy kärhanasy 2 müň 129 tonna tohumlyk gowaça çigidini taýýarlady

Ýolöteniň pagta arassalaýjy kärhanasynyň işçileri geçen 2022-nji ýylyň gowaça hasylyndan umumy kabul edilen pagtanyň 7 müň 964 tonnasyny gaýtadan işläp, şondan 2 müň 129 tonna tohumlyk gowaça çigidini hem-de dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan arassa süýümiň 1 müň 945 tonnasyny taýýarladylar.

Häzir hem bu ýerde her gün şeýle önümiň 35 tonna golaýy taýýarlanylýar diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berilýär. Ýokary hilli, ekologik taýdan arassa pagta süýümi ýurduň dokma toplumlaryna ugradylýar.

Ýyllyk kuwwaty 90 müň tonna gowaça hasylyny gaýtadan işlemäge niýetlenilen kärhananyň tehnika binýadynyň üstüniň täzeleri bilen yzygiderli ýetirilip durulmagy işleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýmaga giň mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmenistan Metbugat azatlygy hasabatynda ýene iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galdy
Kuşadasy Etrabynda 2,350 Ýyllyk Gorgan Tapyldy
Müsür Russiýadan bugdaý satyn aldy
Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýa gurlar
Daşoguzdaky Polimer önümleri zawodda dürli ululykdaky turbalaryň 90 tonnasy öndürildi
Stambulda 1500 Ýyllyk Däliz Tapyldy