Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýylyň harby goşuny, düýn gije Gazany bombalamaga dowam etdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde hassahanalaryň başda durmagynda asuda ilata degişli ýerler howadan we gury ýerden nyşana alyndy.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä, Şypa we Indoneziýa hassahanalarynyň töweregi bilen Gazanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Rimal, Şyh Rydwan we Nasr etrapçalary we Aş Şaty bosgun düşelgesinde ýaşaýan asuda ilatyň öýleri Ysraýyl tarapyndan bombalandy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Şypa hassahanasynyň daş-töweregi 3 günden bäri bombalanýar. Ysraýylyň harby güýçleri gury ýerden hassahana girmek üçin bombaly hüjümlerini dowam etdirýär.

Ysraýylyň harby güýçleri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň birnäçe şäherine hem düýn gije operasiýa gurady.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä, Ysraýyl Jenin şäheriniň başda durmagynda Nablus, Al-Halil, Ramallah we Beýtüllahim şäherine operasiýa gurady.

Jenin şäheriniň günortasynda ýerleşýän Sile az Zahr etrapçasynda palestinalylaryň operasiýa od açmak bilen garşylyk görkezendigi we çaknyşyklaryň dowam edýändigi habar berildi.

Nablusyň günortasyndaky we gündogaryndaky ýaşaýyş jaýlaryna guralan operasiýalarda Ysraýylyň harby güýçleri bilen palestinalylaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Günbatar Şeriada Gaza goldaw üçin protest ýörişleri geçirildi.

BMG-nyň Halkara çagalara ýardam gaznasy ÝUNİSEF tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Gazanyň demirgazygynyň başda durmagynda saglygy goraýyş ulgamyna uly zeper ýetirlendigi we esasan çagalara uly howpuň abandygy nygtaldy.

Hamasyň Kassam atly harby topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başlandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy
Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky soňky hüjüminde asuda ilatdan azyndan 30 palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 24 sagatda ýene-de 187 palestinaly ýogaldy
Gazada Ýogalan Palestinalylaryň Sany 21 Müň 978 Adama Ýetdi