Ysraýyl Liwana düýnem hüjüm gurady

Ysraýyl Liwana düýnem hüjüm gurady

Tel-Awiw duşenbe gününden bäri Liwana 2 müňden gowrak bombanyň atylandygyny habar berdi.

Ysraýylyň goşuny düýn agşam Beýrut şäheriniň günortasyndaky Hizbullahyň güýçli bolan Dahiýe sebitinde bir binany nyşana aldy. Ady agzalan hüjüm bilen Ysraýyl bir hepdäniň dowamynda Beýruda 3-nji gezek hüjüm gurandygy boldy.

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanatda, Dahiýe sebitine guralan hüjümlerde Hizbullahyň raketa ulgamlarynyň başyndaky Ibrahim Muhammed Kubeýsiniň öldürilendigi öňe sürüldi. Ysraýylyň goşuny Hizbullahyň Liwandaky ýerlerine garşy giň gerimli hüjümleriň guralandygyny habar berdi.

Liwanyň saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Beýrutda düýn guralan howa hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adamyň ýogalandygy, 15 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Liwanda Ysraýylyň guran hüjümlerinden soň 1 günlük milli ýas yglan edildi
Hizbullah Ysraýylyň demirgazygyna raketa hüjümini gurady
BMG Gaza ylalaşygynyň “adalatly we yzygiderli prahatçylyga” öwrülmegi üçin çagyryş edildi
Saud Arabystany Şa Sultan howa bazasyny nyşana alan 3 ballistiki raketanyň öňüni aldy
ABŞ Ysraýyla 8,7 Milliard Dollarlyk Harby Kömek Berer
Eýran Ysraýyla Raketa Hüjümini Guraýar