Ysraýyl Rafaha Hüjüm Başlatdy

Ysraýyl Rafaha Hüjüm Başlatdy

Palestinanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada; “Palestinanyň Daşary işler min istrligi Ysraýylyň Gaza Sekorunyň demirgazygyndan we merkezinden, millionlarça ýerlerinden mahrum edilen adamyň ýerleşýän şäheriniň basylyp alynmazlygy boýunça halkara duýduryşlara garamazdan Rafah şäherine guran pajygaly howa hüjümleri bilen ulgamlaýyn ýumuryjy operasiýalaryny berk ýazýar” diýilýär.

Beýannamada Ysraýylyň düýn agşam Rafaha ýumuryjy howa hüjümini başladandygyna we köp sanly palestinalynyň ýogalandygyna üns çekilip; “Ysraýyl Rafah şäherine garşy hüjümini başlatdy we halkara reaksiýalardan çetde durmak üçin ony yglan etmegi we hiç kimiň rugsadyna hem garaşmady” diýilýär.

Beýannama görä Ysraýylyň harby uçarlarynyň düýn Rafah şäheriniň dürli etraplaryna guran howa hüjümlerinde çagalar we zenanlar bilen bilelikde 14 palestinaly ýogaldy, köp sanly palestinaly ýaralandy.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň ofisinden 15-nji martda berilen beýannamada Rafah şäheriniň günortasyna harby operasiýa ähtimallygynyň meýilleşdirilýändigi habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Hakan Fidan Kataryň Premýer-ministri we Daşary Işler Ministri Al Tani Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer
Blinken Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu Bilen Duşuşdy
Gazadaky çaknyşyklarda 21 ysraýylly esger öldürildi
Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi