Ysraýylly esgerleriň od açmagy netijesinde 3 palestinaly ýogaldy

Ysraýylly esgerleriň od açmagy netijesinde 3 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleriniň Nablusyň gündogaryndaky Balata bosgun düşelgesine garşy guran operasiýasynda 3 palestinaly ýogaldy, 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr 3 palestinaly bolsa ýaralandy.

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri düýn agşam buldozerler we harby ulaglar bilen bosgun düşelgesine garşy operasiýa geçirdiler.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda bolsa bosgun düşelgesinde ysraýylly esgerleriň od açmagy netijesinde Muhammed Bilal Zeýtun, Fethi Ebu Ryzk we Abdullah Ebu Hamdan atly 3 palestinalynyň ýogalandygy, 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr 3 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.

Ysraýylly esgerleriň Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli tiz kömek ulaglarynyň bosgun düşelgäniň içine girmegine päsgel berendikleri aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrorçy Emine Seýid Ahmed Täsirsiz Ýagdaýa Getirild
Ysraýyl Düýn Gije Ýene-de Onlarça Palestinalyny Öldürdi
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ýewropa beýleki yklymlardan çalt gyzýar
Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary