Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Gazadaky hökümediň Metbugat ofisinden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň Gaza garşy dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi.

Beýanatda Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleriniň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri ýogalan palestinalylaryň sanynyň 8800-i çaga we 6300-i zenan jemi 21 müň 100 adama ýetendigi, 70 göterimi çagalardan we zenanlardan ybarat 55 müň 243 adamyň hem ýaralanandygy aýan edildi.

Gazada Ysraýylyň goşuny tarapyndan guralan hüjümlerde ýumrulan binalaryň aşagynda we ykballary näbelli bolmagynda galýan 7000 palestinalynyň dereksiz ýitendigi bellenen beýanatda, şol adamlaryň hem 70 göteriminiň zenanlardan we çagalardan ybaratdygy habar berildi.

Beýanatda Ysraýylyň goşunynyň hüjümlerinde saglygy goraýyş edaralarynyň 311 işgäriniň, 40 raýat goranyş edarasynyň işgäriniň we 102 žurnalistiň öldürilendigi aýan edildi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Gazada 8-i žurnalist we 40 saglygy goraýyş işgäri bolmak bilen jemi 2 müň 600-den gowrak palestinalyny tussaglykda saklaýandygy mälim edildi.

Beýanatda şeýle hem 2,3 million ilaty bolan Gaza sektorynda 1,8 million palestinalynyň Ysraýylyň hüjümleri sebäpli öz ýaşaýan ýerlerinden göçürilendigi, şol adamlaryň wagtlaýyn ýaşaýyş ýerlerinde kyn şertlerde ýaşaýandygy we gyssagly kömege mätäçdikleri habar berildi.

Beýanatda Ysraýylyň goşunynyň hökümede degişli 125 desgany ýumurandygy, 285 mekdebe we uniwersitete zeper ýetendigi, şolaryň 92-siniň dolulygyna ýumrulandygy beýan edildi.

Ysraýylyň şeýle hem ybadathanalary nyşana alýandygy bellenen beýanatda, 115 metjidiň ýer bilen ýegsan edilendigi, 200 metjidiň bölekleýin ýumrulandygy we 3 buthananyň nyşana alynandygy nygtaldy.

Beýanatda Ysraýylyň Gaza sektorynda 65 müň binany dolulygyna, 290 müň binany bolsa bölekleýin ýumuryp, jemi 355 müň bina zeper ýetirendigine ünsler çekildi.

Ysraýylyň saglygy goraýyş ulgamyna garşy guran hüjümler barada hem maglumat berilen beýanatda, 23 hassahana bilen 53 saglygy goraýyş merkeziniň hyzmat berip bilmeýändigi, 140 saglygy goraýyş edarasynyň nyşana alynyp, hüjüm guralandygy, 102 tiz kömek ulagynyň nyşana alynyp, ulanyp bolmajak derejä ýetirilendigi habar berildi.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda "Aksa Tupany" ady bilen Ysraýyla garşy giň gerimli hüjüm başladandygyny beýan edipdi.

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Gazada ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Türkiye Ysraýylyň manipulýasiýa etmek bilen bagly tagallalaryna üns bermezlik barada duýduryş berdi
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 596 adama ýetdi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär