Yssy howada ýollar eräp sürülmez hala gelýär’

Yssy howada ýollar eräp sürülmez hala gelýär’

Türkmenistanda aşa yssy howa sebäpli iri şäherleriň, şol sanda welaýat merkezleriniň käbir gara ýollary eräp, ulagy tas sürüp bolmaýan hala geldi. Ýerli hünärmenler bu ýagdaýlaryň, howa şertleri bilen birlikde, ýollaryň gurluşygyna gerekli serişdeleriň ýeterlik goýberilmeýändigi bilen hem baglydygyny aýdýarlar. Lebapdaky habarçymyz welaýatyň merkezi Türkmenabat şäherindäki ýollaryň häzirki ýagdaýy barada maglumat berdi.

“Yssyda Türkmenabadyň günortasyndaky uly ýol eräp, maýyşgak bir ýagdaýa geldi. Ulaglaryň dowamly hereketi netijesinde, ýoluň üstünde tolkun-tolkun bolup duran asfalt depeleri hem döredi. Bulardan ýük ulaglary haýallap geçýärler, ýeňil ulaglar barada aýdyp hem oturmak gerek däl. Olaryň aşaky bölegi asfalt depelerine sürtülip zaýalanýar” diýip, ýerli sürüjileriň biri 14-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol bu ýagdaýlary golaýda uly dabara bilen ulanyşa berlen ýollaryň mysalynda hem synlasa bolýandygyny aýtdy. Söhbetdeşimiziň sözlerine görä, Çärjew etrabyndan Farap gümrükhanasyna uzaýan uly aýlaw ýoly 2017-nji ýylda ulanylmaga berlen bolsa-da, häzir onuň gatnawly böleginiň asfalty sandan çykypdyr.

Habarçymyz welaýatyň merkezinden daşky, şol sanda Dänew, Seýdi, Kerki ýaly sebitleriniň ýyllarboýy abatlanmaýan ýollarynyň ýagdaýynyň hasam erbetdigini, olaryň ugry boýunça erän asfaltyň ysynyň aňkap durandygyny belledi.

Şol bir wagtda, lebaply ýol hünärmenleri häzir döwlet derejesinde ähmiýet berilýän Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna esasy üns berilýändigini, sebitiň beýleki ýollaryň gurluşygynda ulanylmaly serişdeleriň, şol sanda çagyl daşlarynyň hem bu proýekte iberilýändigini aýdýarlar.

Ýatlatsak, bahasy 2,3 milliard dollar, uzynlygy 600 kilometr töweregi bolan Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylda girişildi.

Söhbetdeşimiziň bu maglumaty, galyberse-de sebitdäki ýollaryň ýagdaýy boýunça Lebabyň häkimliginden we ýol-gurluşyk edaralaryndan maglumat ýa kommentariýa almak başartmaýar.

Habarçylarymyz soňky döwür artan, şol sanda adam pidaly köçe-ýol hadysalarynyň aglaba bölegine sandan çykan, üstüni gum basan, çukanak-sakanak gara ýollaryň hem sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar etraplaryň arasyndaky ýaramaz ýollaryň ýyllarboýy abatlanmazlygyndan şikaýat edýärler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýollarda bolýan ulag heläkçilikleri barada hasabat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Yssy howa dowam edýär, ilat arasynda saglyk şikaýatlary köpelýär
7-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Günorta Koreýada Aşa Yssy Howa Sebäpli 17 Adam Ýogaldy
Yssydan goranmak üçin enjamlar oýlanyp tapyldy
Ýaponiýada yssa garşy göreşmek üçin enjamlary oýlap tapdylar
Serginlediji barada