Dürli ugurlarda iş alyp barýan “Amazon” kompaniýasy ýük gatnawlary üçin adaty bolmadyk gurluşly dron nusgasyny işläp taýýarlady. Bölek söwda bilen meşgullanýan kompaniýa soňky ýyllarda müşderileriň sargyt eden harytlaryny salgylaryna eltip bermek üçin uçýan kiçi enjamlary ulanmagy maksat edinýär. Munuň üçin birnäçe synag geçiren kompaniýa “MK30” atly täze drony tanyşdyrdy.
Täze dronyň beýlekilerden 25 göterim sessiz işleýändigi mälim edildi. Dronyň sessiz uçmagy üçin onuň aýlanýan perleri başgaça dizaýn edilipdir. “Amazon” 2024-nji ýyla çenli bu dronlary ulanyp başlar.
Şeýle hem kompaniýa ammarlarda ýük daşamak üçin “Sparrow” atly roboty hem işläp taýýarlady. Bu robot adam zähmeti bilen edilýän işi ep-esli ýeňilleşdirer.
Yslamberdi Tyllanurow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy