Ýüplük dünýäsi dükany Remezan aýy mynasybetli aksiýa geçirýär

Ýüplük dünýäsi dükany Remezan aýy mynasybetli aksiýa geçirýär

Mukaddes Remezan aýynyň gelmegi mynasybetli Ýüpek dünýäsi dükany aksiýa çäresini yglan edýär: 4 ýüplük satyn alana 1 ýüplük sowgat berilýär.

Bu ýörite teklip ýüplügiň diňe Himalaya loop, Rafia, Himalaya yumos, Moheir, Himalaya lana lux, Himalaya koala hem-de Alize country ýaly görnüşlerine degişlidir.

Örme işleri bilen meşgullanýanlar üçin Ýüplük dünýäsinde örän giň önüm görnüşleri bar. Bu ýerden iň ajaýyp döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmek üçin islendik gerekli zatlary tapyp bilersiňiz: dürli hili ýüplükler, çişler, çeňňekler, ýumşak oýunjaklary dolduryjylar, markerler hem-de beýleki esbaplar.

Şeýle hem dükan Alize brendiniň ikitaraplaýyn ýüplügini hödürleýär. Onuň esasy artykmaçlygy we aýratynlygy gural ulanmazdan el bilen örülýänligidir. Bu ýüplükden hatda çagalar hem baş çykaryp biler.

Mundan başga-da, dükanda özboluşly örme önümlerini döretmäge ylhamlandyrýan dürli hili nagyşlar, žurnallar we kataloglar bar.

Ýüplük dünýäsiniň maslahatçy hünärmenleri müşderilere şu hili ýardam bererler:

- ýüplükleriň görnüşleri bilen tanyşmaga hem-de halan ýüplügiňizi saýlap almaga;

- saýlanan ýüplüge we islenilýän netijä esaslanyp, örme çişleriniň ýa-da çeňňekleriň ölçeglerini kesgitlemäge;

- sargyt edip, ony Aşgabadyň islendik ýerine eltip bermäge.

Ýüplük dünýäsi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Parahat — 7 ýaşaýyş toplumy, Bereketli söwda merkezi, 2-nji gat, 180-nji dükan. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 39 85 79. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükanlary Gadyr gijesi üçin sargytlary kabul edýär
Zyýat Hil agzaçar üçin süýjülikleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
Remezan aýynda agyz beklemegiň tertibini Turkmenportal -dan ýükläp alyp bilersiňiz
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy