Remezan diýerler aýyň ýagşysyn

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri öz okyjylary bilen külli musulman halklarynyň iň naýbaşy baýramy bolan Oraza baýramy mynasybetli Remezan diýerler aýyň ýagşysyn atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýagşy niýetlere beslenen Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen ynsanlaryň ruhy taýdan tämizlenmegi, haýyr-sahawatyň, asylly, sogap işleriň edilmeginiň ähmiýeti, jemgyýetde haýyr-sahawat köpelip, adamlaryň arasynda birek-birek bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň berkemegi hem-de bu mukaddes aýda berjaý edilmeli kada-kanunlaryň ähmiýeti barada bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler.

Aýratyn-da Oraza aýynda agyz beklemegiň beden saglygyna-da ähmiýetiniň örän uludygy barada dürli mysallaryň üsti bilen ýaşlara ündediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerini, ynançlaryny, däp-dessurlaryny häzirki wagtda mynasyp dowam etdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Oraza baýramy mynasybetli gutlag iberdi
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar