Zyýat Hil konditer dükanlary Gadyr gijesi üçin sargytlary kabul edýär

Zyýat Hil konditer dükanlary Gadyr gijesi üçin sargytlary kabul edýär

Mukaddes Remezan aýynda ruhy päkligi we ýagşy işleri alamatlandyryp gelýän keramatly Gadyr gijesi hem barha ýakynlaşýar. Üstümizdäki ýylda ol aprel aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijä gabat gelýär.

Gadyr gijesiniň asyrlar boýy saklanyp gelýän özboluşly däbi — jomartlyk, sahylyk, eli açyklyk bilen baglanyşyklydyr. Bu gijede ýakynlaryňy datly tagamlar bilen begendirmek, süýjülikleri paýlamak hoşniýetlilikden nyşandyr.

Bu gijede dogan-garyndaşlaryňyza süýjülikleri hödür edip, göwnejaý gurşawy döretmegiňiz üçin Zyýat Hil konditer dükanlary hem datly önümleri bilen maşgala şatlygyňyzy artdyrmaga ýardam eder.

Zyýat Hil Gadyr gijesi mynasybetli tort önümlerini amatly bahalardan hödürleýär. Bu dükanlardaky süýjülikleriň ählisi ter we ýokary hilli goşundylar esasynda taýýarlanylýar.

Şeýle-de Zyýat Hil dükanlarynda goňşularyň we dost-ýarlaryň üçin sowgat etmäge dürli görnüşli ajaýyp tortlar bar.

Tort önümleri 150 manatdan ýokary möçberde sargyt edilende, Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltilip berilýär.

Habarlaşmak üçin:

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil agzaçar üçin süýjülikleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
Zyýat Hil Oraza baýramy üçin konditer önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
Remezan aýynda agyz beklemegiň tertibini Turkmenportal -dan ýükläp alyp bilersiňiz
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Oraza baýramy mynasybetli gutlag iberdi