Yupekchi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde alkogolsyz içgileriniň köp sanly görnüşlerini hödürleýär

Yupekchi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde alkogolsyz içgileriniň köp sanly görnüşlerini hödürleýär

Şu günler Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde alkogolsyz içgileriň meşhur öndürijisi Yupekchi önümleriniň köp sanly görnüşlerini hödürleýär.

Serginiň myhmanlary Bold, Bulvar, 7gen, Real, Buzz, Pökgi, Hoşal, Näzli haryt nyşanly miwe şireleri, gazlandyrylan içgiler we sowuk çaýlar bilen tanşyp bilerler.

Yupekchi Türkmenistanda alkogolsyz içgileriň öňdebaryjy öndürijileriniň biridir. Kompaniýa 2015-nji ýylda esaslandyryldy we bu döwürde ýokary hilli önüm öndüriji hökmünde abraý gazandy.

Yupekchi hojalyk jemgyýeti yzygiderli ösýär we kämilleşýär. Türkmen öndürijisi halkara sergilerine işjeň gatnaşýar we hemişe ýokary baha mynasyp bolýar.

Sergi 3-5-nji aprel aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen alkogolsyz içgi öndürijisi Yupekchi önümleri bilen Dubaýdaky Gulfood 2024 sergisine gatnaşýar
Standart Hyzmat türkmen kompaniýasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar
Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň ýardamy bilen Ýüpekçi HJ ýene-de bir halkara şahadatnama eýe boldy
Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
Türkmenistanly gyzlar tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna ýeňiş bilen girişdiler
Beýik akyldara bagyşlanan nusgalyk eserler