Ýurdumyzda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy

Ýurdumyzda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 16-njy martda ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy.Kodekse laýyklykda, bu çäre, ozaly bilen, uzak möhletleýin iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, saýlawlar gününde — 26-njy martda dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, iň mynasyp dalaşgär üçin ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.

Ýurdumyzda döredilen 2644 saýlaw uçastogynyň ählisi ses bermegi guramaga doly taýýar. Şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 42-si saýlawçylara garaşýar.

Milli synçylardan başga-da halkara synçylar we bilermenler saýlawlara monitoringi amala aşyrýarlar. Olaryň ählisine saýlawlaryň öň ýanynda hem, gönüden-göni ses berilýän günde hem paýtagtymyzyň, welaýatlaryň saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.

Ýene degişli makalalar

ÝURDUMYZDA MÖHLETINDEN ÖŇ SES BERMEK ÇÄRESI BAŞLANDY
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Özbegistanda prezident saýlawlarynda ses berlişik başlandy
Türkmenistanda Konstitusiýanyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň ýol polisiýasy wideolar arkaly durmak kadalaryny bozulmasy üçin jerimeler barada duýdurýar