“Ýuwentus” arany açýar

Italiýanyň çempionaty “Serie A-da” tapgyryň merkezi oýnunda “Ýuwentus” myhmançylykda “Milandan” 20 hasabynda üstün çykdy. 81-nji minutda hüjümçisi Gonzalo Higuainiň gyzyl kart alan oýnunda “Milanyň” torundan gollary Manžukiç (8) bilen Ronaldo (81) girizdi.

Milan şäheriniň beýleki wekili “Interiň” myhmançylykda “Atalantadan” 41 utulmagy tapgyryň iň haýran galdyryjy netijesi boldy. “Napoliniň” soňky minutlarda ýeňiş gazanan tapgyrynda “Lasio” myhmançylykda “Sassuolo” bilen deňme-deň oýnap, 2 utuk ýitirdi. “Roma” bolsa, 3 tapgyrdan soň ýeňiş gazanyp, olar El Şarawiniň 2 gezek tapawutlanan oýnunda “Sampdoriýany” 41 ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Milanam”, “Interem” ýeňdi, çempion soňky tapgyrda belli bolar
“Milanyň” 11 ýyldan soň 19-njy çempionlygy
Milan 11 ýyldan soň, ýene-de Italiýanyň çempiony boldy
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
“Atalanta” we “Roma” uly hasaply ýeňişler bilen çärýek finala çykdy
“Real Madrid” bilen “Ýuwentus” finalyň bosagasynda