“Ýuwentusyň” yzly-yzyna 9-njy çempionlygy

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da çempion belli boldy. 36-njy tapgyrda “Sampdoriýany” Ronaldo (45+7) we Bernardeskiniň (67) gollary bilen 2-0 ýeňen Ýuwentus möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, yzly-yzyna 9-njy, umumylykda 36-nji gezek çempion diýen ady eýeledi.

“Weronany” 5-1 hasabynda Lasionyň 3 goluny Çiro Immobile geçirdi. Ol bu ugurda gollarynyň sanyny 34-e ýetirip, Ronaldodan 3 gol öňe saýlandy.

Öz meýdançasynda “Parmadan” 3-2 asgyn gelen “Breşiýa” topary SPAL-dan soň, aşaky liga düşen 2-nji klub boldy.

Italiýada geljek möwsümde “Benewentonyň” “Serie A”-da çykyş etjekdigi ozal belli bolupdy. “Serie B”-de 2-nji ýeri eýelän “Krotono” topary bolsa “Serie A”-da çykyş etjek 2-nji topar boldy. “Krotone” 2 ýyldan soň, “Serie A” dolandy.

Ýene degişli makalalar

Ýuwentusyň yzly-yzyna 9-njy çempionlygy
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
“Serie A-nyň” täze möwsümi
“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi