Ýyldyz oýunçy gol geçirmegi ýatdan çykardy

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 33 ýyldan soň 3-nji çempionlygyny gazanan “Napoli” toparynyň gruziýaly ýyldyzy Hwiça Kwaresheliýa gol geçirmegi ýatdan çykaran ýaly.Soňky gezek mart aýynda gol geçiren 22 ýaşyndaky wingere şondan bäri “Napolide” hem-de Gruziýanyň milli ýygyndysynda oýnan 21 duşuşygynda tapawutlanmak başartmady.

Kwaresheliýa soňky gezek 19-njy martda “Napoliniň” “Torinony” 4-0 hasabynda ýeňen duşuşygynda tapawutlanypdy.

Geçen ýylyň tomsunda “Napoli” toparyna transfer bolan gruziýaly oýunçy “Napoliniň” düzüminde 45 oýunda meýdança çykyp, 14 gol geçirip, 14 goluň hem pasyny beripdi.

Ýene degişli makalalar

“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Inter” ýyly lider tamamlar
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
“Serie A”-da ýene-de lider üýtgedi
Ýer eýeleriniň ýekejesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi