Zawahiriniň Öldürilmeginden Soň Al Kaýdada Nämeler Başdan Geçirilýär

Zawahiriniň Öldürilmeginden Soň Al Kaýdada Nämeler Başdan Geçirilýär

ABŞ-nyň howpsuzlyk gullugynyň Owganystanyň paýtagty Kabulda Al Kaýdanyň lideri Zawahirini täsirsiz ýagdaýa getirmegi geçen hepdäniň esasy meselelerinden biri boldy. Mesele ABŞ-nyň 11-nji sentýabr hüjümleri we yglan eden global terrorizme garşy söweşi bilen baglylylykda ele alyndy. Emma meseläniň başga taraplardan we Zawahiri jähtinde konkretleşmek bilen bilelikde konkret däl tarapy we görünmeýän taraplary bilen bilelikde seljerilmegi möhüm.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Al Kaýdanyň henizem güýçli bolup bolmandygyna garalanda Zawahirä guralan hüjümiň gurama zarba urandygy hakynda garaýyşlar nädogry bolup biler.Dine esaslanýan öz güýjüni gorap saklaýan ideologiýalar adamlardan garaşsyz, intellektual esaslary bilen bilelikde analiz edilmeli.

Geçmişde Zawahiri, Ben Ladin, Bagdadi ýa-da Kureýşiniň öldürilmegi bilen dinden hyýanatçylykly peýdalanýan terror ortadan aýrylmady.Eger şeýle bolsa Zawahiriniň “ýok” edilmegi hem tapawutly ýagdaý döretmese gerek.

Al Kaýdanyň 11-nji sentýabrdaky hüjümlerinden soň özüni yza çekmegi we ýerine ýetiriji gurama däl, eýsem intellektual ýaýbaňlanma strategiýasyny iş ýüzüne geçirmegi üns çekiji. Şol çäkde goldaýan, ugrukdyrýan we dolandyrýan düşünje bilen tapawutly radikal düşünjeleri ylalaşdyrýar. 11-nji sentýabryň getiren psihiki ornaşma bilen beýleki radikal toparlanşyklara ylham beren A Kaýda, özüni esaslanylýan gurama öwürdi.

Başga bir söz bilen aýdylanda öz aralarynda intellektual taýdan çaknyşýan we ýeňillik bilen tapawutlanýan hereketlere esasy maksady ýatladýan häsýete eýe boldy.

Al Kaýdanyň gelejegi bilen bagly birnäçe faktor bar. Şolardan biri başa geçjek adamyň dolanşyk usuly.Müsürli ozalky ýörite güýçleriň personaly bolan, guramanyň harby oprasiýalaryny gönükdiren Saýful Adlyň ady hem alymlar hem-de amerikaly resmiler tarapyndan hem-de BMG-niň habarnamalarynda nobatdaky lider hökmünde beýan edilýär.

Amerikanyň döwlet Sekretarlygynyň gözlenýänler boýunça sanawynda Zawahiriniň ýerine Adlyň goýulandygyna garamazdan, Al Kaýdanyň Siriýadaky tarapdarlarynyň Telegram kanallarynda Saýful Adlyň häzirki wagtda Eýranda tussaglykda bolandygy hakyndaky habarlara görä başga bir lider saýlanmaly bolar.

Beýleki bir adam bolsa BMG-niň habarnamasynda üçünji orny eýeleýän, Zawahiriniň giýewisi, Al Kaýdanyň Owganystan-Pakistan emiri we media organy As Sahabyň ýolbaşçysy Abdurrahman Al Magribi ady bilen tanalýan Muhammet Abbataý.

Beýleki bir faktor bolsa Taliban.Herekediň Owganystandaky beýleki toparlara gözegçilik edýändigi bilinýär.Eýmen Az Zawahiriniň tersine täze lider Ýewropa we Amerika materikleri bilen olaryň ýakyn sebitdäki güýçlerini nyşana almagy islemegine Talibanyň garşy durmagy güýçli ähtimallyk. Şol ähtinallygyň hakykata öwrülmegi bolsa täze lideriň Eýmen Az Zawahiriniň aryny almak üçim amerikalylara garşy basyş ediji we berk reaksiýa sebäp boljak harby syýasatymy, ýa-da musulmanlaryň ýaşaýan sebitlerinde uzak möhletli ornaşyp, Owganystan-Pakistan sebitinde howpsuz şertlerde ýaşamagy isläp, islemejekdigine bagly bolar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy