Zelenskiý: "Söweş Krymyň azat edilmegi bilen tamamlanmaly" diýdi

Zelenskiý: "Söweş Krymyň azat edilmegi bilen tamamlanmaly" diýdi

Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymda ýerleşýän Russiýa degişli Nowofýodorowka harby bazasynda düýn bolan partlamadan soň, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý beýannama berdi.

Wladimir Zelenskiý ýurdundaky söweşiň Krym bilen başlandygyny belläp: "Krym Ukraina degişlidir. Krymdan asla ýüz öwürmeris. Russiýa-Ukraina söweşi Krym bilen başlady, Krymyň azat edilmegi bilen hem tamamlanmalydyr" diýip habar berdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklar Donbass sebitinde artyp, dowam edýän günlerinde, Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymda ýerleşýän we Russiýa degişli bolan Nowofýodorowka harby bazasynda düýn 7 aýry gezek partlama boldy, partlamada 1 adamyň ýogalandygy mälim edilipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Krym Köprüsini Ýykmak Isleýär
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Ukraina, Russiýa Degişli Uçary Urup Düşürdi
Russiýa dördülenji gün Odesa sebitindäki däne eksport desgalaryna zarba urýar
Fransiýa Russiýany Ýazgardy
Russiýada 3 Gün Dowam Etjek Saýlaw Tapgyry Başlady
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)