Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň Russiýa girmegi barada beýanat berdi

Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň Russiýa girmegi barada beýanat berdi

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Aleksandr Syrskiýden operasiýanyň oňyn netijeler berendigi barada habarnama alandygyny mälim etdi.

"Ukrainanyň pozisiýalaryny goraýan we goranyş maksatlarymyzy amala aşyran her bir söweşijä, her bir esgere we serkerdä minnetdarlyk bildirýärin. Ukrainalylar maksatlaryna ýetmegi bilýärler. Uruş maksatlaryny goýmagy biz saýlamadyk. Uruşy territoriýamyza getiren Russiýa näme edendigini özi hem duýmaly" diýip belledi.

Zelenskiý mundan başgada maslahatçysy Mihail Podolýakyň düýn Kurskdaky çaknyşklar barada beýanat berýärkä, "uruşyň öwrenşilen ýaşaýyş formatlaryny ýumurandygynyň" üstünde durup geçip, "Uruş uruşdyr, uruşyň öz düzgünleri bardyr" diýip aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleri 6-njy awgustda Russiýanyň Kursk sebitine giripdi.

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin operasiýany "giňişleýin prowokasiýa" hökmünde häsýetlendiripdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi
Tramp Putin bilen duşuşyk geçirip biler
Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi
Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Zelenskiý bilen metbugat ýygnagyny geçirdi