Zeminiň ilatynyň 30 göterimi asyryň ahyryna çenli howa bosgunlary bolup biler

Zeminiň ilatynyň 30 göterimi asyryň ahyryna çenli howa bosgunlary bolup biler

Howanyň üýtgemeginiň iň erbet netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolnanda, üstümizdäki asyryň aýagynda planetanyň ilatynyň 30 göterimi öz ýaşaýan ýerlerini çalyşmaga mejbur bolar. Iň oňat netijeler gazanylanda, 10 göterim zeminli howa bosgunlary bolarlar diýip, klimatolog Alekseý Kokoriniň sözlerine salgylanýan RIA Nowosti habar berýär.

Alymyň sözlerin görä, bu asyryň ahyrynda üç milliard adamyň howa şertleriniň özgermegi sebäpli ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur boljakdyklaryny aňladýar. Eger ýagdaý elhal bolaýanda hem, Zeminiň ýaşaýjylarynyň bir bölegi içimlik suwuň ýetmezçiligi sebäpli ýaşaýan ýerlerini taşlamaly bolarlar.

Russiýaly hünärmen munuň öňüni almak üçin döwletleriň uglerod bitaraplygyny gazanmak ugrunda çäreleri görmeginiň wajypdygyny aýdýar.

Uglerod bitaraplygy Howa boýunça Pariž ylalaşygyny berjaý etmegiň esasy talaplarynyö biridir. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi uglerod bitaraplygyny 2050-nji ýylda, Hytaý we Russiýa 2060-njy ýyla çenli gazanmagy maksat edinýärler.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylda Zeminiň ilatynyň tas ýarpy bölegi saýlawlara gatnaşar
Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
Günüň transfer täzelikleri
15 ýaşynda çempion boldy
Sampras bilen deňleşdi
Türkmenistanda içgiler bir ýylda üç esse gymmatlady