Ženewada Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişine Ählumumy döwürleýin syn berler

Ženewada Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişine Ählumumy döwürleýin syn berler

6-njy noýabrda Ženewada Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişine 4-nji Ählumumy döwürleýin syn bermek çäresi geçiriler. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk eder diýip, nCa internet portaly habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Adam hukuklary boýunça Geňeşiň iş topary Malaýziýanyň, Çernogoriýanyň we Sudanyň wekillerini öz içine alýar. Bu topar 6 — 17-nji noýabr aralygynda geçiriljek mejlisde, Türkmenistandan başga-da, ýene on üç ýurduň milli hasabatlaryny gözden geçirer.

Ählumumy döwürleýin syn BMG-ä agza ýurtlarda adam hukuklarynyň berjaý edilişi baradaky hasabatlara yzygiderli syn bolup durýar. Ählumumy döwürleýin synyň iş topary 47 döwletiň wekillerinden ybarat bolup durýar. Geňeşiň ilkinji mejlisinden bäri eýýäm üç aýlaw syn geçdi diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomaty: Aýal-gyzlar üçin ýörite geýim talaby we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirme ýok
Türkmenistan Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny belledi
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçisi wezipesine bellenildi
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri